Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет108/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   ...   119
Soraglar we ýumuşlar

1 .Sözleriň we durnukly söz düzümleriniň sözlüklerde berlişi dil biliminiň haysy bölüminde öwrenilýär?

2. Ensiklopedik sözlükleriň lingwistik sözlüklerden tapawudyny düşündiriň.

3. Lingwistik sözlükleriň görnüşlerini aýdyp beriň.

NETIJE
Ene dilimiz gadymy edebi dilleriň biridir. Häzirki edebi dilimiz türkmen umumyhalk diliniň müň ýyllyklaryň dowamynda söz ussatlary tarapyndan timarlanyp, orfoepik, orfografik, leksik, grammatik taýdan normalaşan, köp stilli, ösen milli edebi dildir. Onuň jemgyýetçilik hyzmaty günsaýyn giňelip barýar. Ene dilimiziň ylymly–bilimli, giň gözýetimli, ýokary ahlakly, watançy ýaş nesli ýetişdirmekdäki, milli aňyýeti kemala getirmekdäki hyzmaty uly. Eşretli hem bagtyýar durmuşyň gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Ŷurdumyzyň milli ylym we bilim ulgamy dünýäniň ylym we bilim ulgamy bilen sazlaşykly ösýän, ata–babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda paýhasyna ýugrulan aň–düşünje, ruhy–ahlak, dünýägaraýyş, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgä eýedir. Şonuň üçinem, lingwistikanyň meselelerini öwrenmek we ösdürmek häzirki günüň we ýakyn geljegiň derwaýys wezipeleriniň biridir. Şonuň üçin hem biz bu okuw gollanmada häzirki türkmen edebi diliniň bir bölümi bolan fonetika we leksikologiýa barada pikir ýödermäge çalyşdyk Sebäbi, fonetika we leksikologiýa ýokary okuw jaýlarynyň folologiýa ýönelişinde esasy dersler hasaplanýar. Emma şeýle–de bolsa, bu gollanmada fonetika we leksikologiýanyň ähli ugurlary hakynda doly maglumat berildigi däldir. Biz bu meselani gelejekde has giňişleýin öwrenmek maksadynda fonetika we leksikologiýanyň kabir meseleleri ,barada maglumat bermek bilen çäklendik.

Jemläp aýdanymyzda, dil bilimi we onuň esasy ugurlary, hazirki zaman okyjylarymyza ýetirýän täsirini, ýaşlarymyzy terbiýelemekdäki ahmiýetini, dilşynaslyk ugrunuň döwrebap öwrenilişini ýola goýmak biz – dilşynaslaryň öňündäki esasy wezipelerimizdir.




Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет