Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет111/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   107   108   109   110   111   112   113   114   ...   119
FONETIK DERŇEW ETMEGIŇ ÝOLLARY
Lingwistik derñewiñ bir görnüşi fonetik derñewdir. Bu derñewi hem möçberi we maksady taýdan doly fonetik derñew we doly däl fonetik derñew diýen toparlara bölmek bolar. Olara dil biliminiñ degişli fonetika bölümindäki ähli meseleler, kada-düzgünler mahsusdyr.

Fonetik derñewde sözüñ fonetik düzümi boýunça derñelişi, fonetik birlik, fonetik serişdeler bilen baglanyşykly orfoepik kadalar nazara alynýar. Doly däl fonetik derñewde geçilýän tema laýyklykda fonetika mahsus düzgünler bölekleýin derñelýär. Meselem, “Sesleriñ häsiýetnamasy” atly tema geçilýän bolsa, diñe şoña görä, beýleki fonetik kadalara (bogna, basyma we ş.m.) degmezden sesleriñ aýratynlygy boýunça fonetik dwerñewi etmek. Doly fonetik derñewde, esasan, aşakdaky düzgünler berjaý edilýär:

1.Sözdäki çekimli we çekimsiz fonemalara, olaryñ añladylyşyna häsiýetnama bermek;

2.Sözdäki bogunlara häsiýetnama bermek, bogunlaryñ tiplerini, görnüşlerini, bogun galyplaryny anyklamak, bogundaky sesleri ýüze çykarmak.

3.Sözüñ takta gatnaşygyny ýüze çykarmak, näçe taktyñ bardygyny bilmek, haýsy taktyñ nygtalyp aýdylýandygyny kesgitlemek, taktlary bogna bölmek.

4.Frazanyñ mukdaryny, onuñ nähili äheñde aýdylýandygyny, bir frazada näçe taktyñ bardygyny anyklamak.

5.Jümlede nähili ses üýtgeşmeleriniñ (kombinator, pozision ses üýtgeşmeleriniñ) ýüze çykýandygyny kesgitlemek. Meselem, Herekete bereket. I. 1)”Herekete” sözünde 8 sany ses we 8 sany harp bar. Olaryñ dört çekimsiz we 4 gezek gaýtalanyp gelýän e çekimlisi (diýmek, mukdary boýunça 1 sany çekimli) bar. Çekimsiz seseler şulardan ybarat: h, r, k, t. H— owaz perdeleriniñ gatnaşmazlygy taýdan dymyk çekimsiz galmagally, dilardy-yzky kentlewük, ýasy yşgalañly, süýkeş, agyz ýolly çekimsiz. R—sonorly, açyk, dilujy-alynky kentlewük, titreýji, agyz ýolly çekimsiz. K—galmagally, dymyk, dilardy-ortaky kentlewük, sap degşikli, zarply, agyz ýolly çekimsiz. T—galmagally, dymyk, dilujy-diş düýbi, sap degşikli, zarply, agyz ýolly çekimsiz. E—çekimli, dowamlylygy taýdan gysga (şeýle hem soñky bogundaky e uzyn) inçe, dodaklanmaýan, giñ, diliñ öñe-yza hereketi taýydan ýokarky galyş. 2) “Bereket” sözünde 7 sany ses we 7 sany harp bar…

II. Birinji sözde 4 bogun bar. Bogunlaryñ hemmesi açyk we örtülgi, soñky bogun basymly, galanlary basymsyz. Bogun galyplarynyñ hemmesi KW görnüşinde.

III.Sözleriñ hersi bir takt. “Herkete” takty nygtalyp aýdylýar.

IV.Bir fraza, ol habar äheñinde aýdylýar. Bu frazada iki takt bar. (Fonetik serişdeleriñ—frazanyñ aýdylyş aýratynlygynyñ derñewinde, esasan, aşakdaky kadalar berjaý edilýär:

a)Äheñi, esasan, sözlemde ýüze çykarmak, ony degişli . ? ! ?! belgileri bilen bellemek; Eger frazazada melodika aýratyn mahsus alamat bar bolsa ony we tembri anyklamak.

b)Sözdäki we sözlemdäki basymyñ görnüşlerini anyklamak, olary degişli ′ belgi bilen añlatmak.

Ç)Taktlaryñ arasyndaky säginmäni ýüze çykarmak, näçe säginmäniñ bardygyny bilmek. Ony // görnüşdäki belgi bilen añlatmak. Meselem, Düzzüm—türkmen halkynyñ milli oýny.)

V.Jümlede düýpli ses özgermeleri duýulmaýar. “Herekete” sözünde dymyk t çekimsiziniñ açyk d sesine öwrülip aýdylmak häsiýeti duýulýar. Diýmek, orfografiýa ornaşdyrylmadyk orfoepik kada—dymyklaryñ açyklaşmasy bolup geçýär.




Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   107   108   109   110   111   112   113   114   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет