Soraglar we ýumuşlar
1.Çekimsizleriň emele gelşiniň umumy şertleri hakynda gürrüň beriň.
2.Çekimsiz fonemalar hakyda ylmy garaýyşlara siziň pikiriňiz?
3.Çekimsiz fonemalar, olaryň toparlara bölünişi diýende nämä düşünýärsiňiz?
Teksti okaň. Aýratynlandyrylyp ýazylan sӧzlerdäki ҫekimsiz sesleriň nähili ҫekimsizdigini düşündiriň.
Ýürege hiҫ haҫan ýamanlyk düwme,
Soň alnyňdan ҫykyp ýaýkarsyň başy.
Asman deý tämizlik ýokuşsyn gӧwne,
Şugla deý gӧrklendir ýakyny-daşy.
H.Elliýew «Pähim pursatlary»
Tapmaçada soňy ç, k, p, t çekimsizleri bilen gutaran sözleri tapyň.
● Tapan sözleriňiziň soňuna çekimli bilen başlanýan goşulma goşuň. Nähili ýagdaýyň ýüze çykandygyny düşündiriň.
1.8. SESLERIŇ SAZLAŞYGY, ÇEKIMLI SESLERIŇ SAZLAŞYGY (SINGARMONIZM)
Meýilnama:
1. Singarmonizmiň kesgitlemesi.
2. Palatal singarmonizm.
3. Dodak singarmonizmi.
4. Ses üýtgemeleri barada maglumat.
5. Kombinator ses üýtgemeleri.
6. Pozision ses üýtgemeleri.
Достарыңызбен бөлісу: |