Daýanç düşünjesi: singarmonizmiň kesgitlemesi, onuň görnüşleri, palatal singarmonizm, onuň türki dillerde ulanylyşy, dodak ýa-da labial singarmonizm, ses üýtgemeleri barada maglumat, kombinator ses üýtgemeleri, pozision ses üýtgemeleri.
Dil biliminde bar bolan barlaglara ser salanymyzda şözüň düzümindäki çekimli sesleriň inçelik–ýogynlyk, dodaklanmak–dodaklanmazlyk taýdan sazlaşmak hadysasy bar. Muňa dil biliminde singarmonizm diýilýär. Şeýle sazlaşma progressiw assimilýasiýanyň kadasyna laýyklykda bolup geçýär. Muńa distaktly progressiw assimilýasiýa diýmek hem bolýar. Sebäbi söziň birinji bognundaky çekimli sesiň häsiýeti onuň sońky bogunlardaky çekimli sesleriň häsiýetlerini kesgitleýär. Sözüň sońky bogunlarynda inçe ýa ýogyn, dodaklanýan ýa dodaklanmaýan çekimlileriň ulanylmagy onuň ilkinji bogunlaryndaky çekimlilere bagly bolýar. Singarmonizm türki diller, fin–ugar dilleri, tungus–mançjur dilleri, mongol we wenger dilleri üçin häsiýetli bolan özboluşly aýratynlyklaryň biri bolup durýar. Türki dillerde sözüň düzüminde dińe bir çekimli sesler biri–biri bilen sazlaşykly ulanylman, eýsem, ondaky çekimsiz sesler hem çekimli sesler bilen sazlaşykly ulanylýarlar. Sözüň düzümindäki çekimli we çekimsiz sesleriň sazlaşykly aýdylmagy türki halklaryň baryp VI–VIII asyrlara degişli bolan orhon–ýeniseý ýazuw ýadygärlikleriniň diline hem mahsus bolupdyr. Muny gadymy türki taýpalar hatda özleriniň orhon–ýeniseý elipbiýinde–de şöhlelendiripdirler. Olar öz elipbiýinde şol bir çekimsiz sesiň ýogyn çekimliler bilen ulanylan görnüşini bir hili, inçe çekimliler bilen ulanylan görnüşini bolsa bütinleý başga hili harp bilen ańladypdyrlar.
Singarmonizm iki hili bolýar: palatal singarmonizm we dodak singarmonizmi.
Palatal singarmonizm. Sözüň düzümindäki çekimli sesleriň inçelik–ýogynlyk taýdan sazlaşmagyna palatal singarmonizm diýilýär. Türki dillerde sözüň ikinji we ondan sońky bogunlarynda inçe ýa-da ýogyn çekimlileriň ulanylmagy onuň birinji bognundaky çekimli sese bagly bolýar. Eger–de sözüň birinji bognunda inçe çekimli bolsa, onda onuň sońky bogunlarynda–da inçe çekimliler getirilýär. Meselem, işçilerimizden, gelinlerimizde: beýleki türki dillerde: ýerleri // jerleri // jirläre, dişleri // tişderi / tişteri / tiştäre / dişteri. Eger–de sözüň birinji bognunda ýogyn çekimli bar bolsa, onda onuň sońky bogunlarynda–da ýogyn çekimliler getirilýär. Meselem: galdyrylmaklaryny, gyzlarymyzda: beýleki türki dillerde: mallary // maldary, gyşlary // kyştary // kystary // kyslary // kyşkylary (şor dili).
Türki dilleriň köpüsinde goşulmalaryň hemmesi diýen ýaly iki wariantly (inçe çekimlili we ýogyn çekimlili) bolýar. Inçe çekimlili sözlerdäki çekimsiz sesler hem ýumşak aýdylýar, ýogyn çekimlili sözlerdäki çekimsizler bolsa gaty aýdylýar. Netijede, türki dillerde inçe çekimlili sözler «ýumşak», ýogyn çekimlili sözler bolsa «gaty» aýdylýar. Elbetde, palatal singarmonizmi dińe türki dillerde we goşulmalarda saklanylýar. Palatal singarmonizm düzgüni orhon–ýeniseý ýazuw ýadygärlileriniň dilinde–de berk saklanypdyr. Meselem: kagun (gawun), budunymka (halkyma), adyryltym (aýryldym), kelürti (gelerdi)... Şuńa görä–de türki dillere arap, pars we rus dillerinden geçen sözlerdäki çekimli sesler, köplenç, palatal singarmonizm düzgünine boýun egipdir. Meselem, namärd–namart, bähar–bahar, zuba–zyba, jäwab–jogap we ş.m. Elbetde, türki dillerde alynma sözleriň hemmesinde çekimli sesler palatal singarmonizm düzgünine eýermeýär. Arap we pars dillerinden alynan sözleriň birenteginde, şol dillerden alynan bir wariantly goşulmalar (ýa dińe inçe çekimlili, ýa dińe ýogyn çekimlili goşulmalar) sözlere goşulanda, rus dilnden we onuň üsti bilen beýleki Ýewropa dillerinden alnan sözleriň köpüsinde palatal singarmonizm düzgüni bozulýar. Meselem, işan, kitap, jemal, döwran, jemgyýet, matematika, filosofiýa.
Достарыңызбен бөлісу: |