Türkmen diliniň sözlerinde basym derejeleri. Bir bogunly sözlerde bir basym–esasy basym bolýar:men,sen, ol, biz, bar, gel, git, gör, dur, at, ot, a:ý, gün we ş.m.
Iki bogunly sözler bir esasy basym bilen basymsyz bogundan düzülýär. Basymly bogun, köplenç, sözüň soňunda gelýär. Başgaça aýdylanda, basymly we basymsyz bogunlar dürli morfologik şertler bilen baglanyşykly orunlaryny özara utgaşdyryp (gezekleşdirip) bilýär. Esasy basymyň iki bogunly sözleriň soňky bognunda gelşine degişli mysallar: agáç, demír, kömúr, çemçé, sygýr,horáz,gamýş külçé, ýasý, arrýk, oká, işlé, getír, götér, takýr, ylgá we ş.m.
Esasy basym iki bogunly sözleriň başynda gelende, yzky bogun, köplenç, basymy kabul etmeýän goşulmalardan, ownuk böleklerden durýar.
Достарыңызбен бөлісу: |