Aa, Bb, Çç, Dd, Ee, Ää, Ff, Gg, Hh, Ii, Jj, Žž, Kk, Ll, Mm, Nn, Ñň Oo, Öö, Pp, Rr, Ss, Şş, Tt, Uu, Üü, Ww, Yy, Ỳý, Zz36
Bu harplaryň 9–sanysy çekimli, 21–sanysy çekimsizlerdir.
Elipbiý düzülende, ol diliň ses sistemasynyň fonema sostawy takyk hasaba alynýar we adatça, her fonema üçin bir harp almaklyk göz öňünde tutulýar. Her fonema üçin bir harp almak prosesinde amala aşyrylýan ýazuwa fonetik transkripsiýa ýa-da fonologik transkfipsiýa diýlip at berilýär.
Eger fonemanyň dürli öwüşgünlikleriniň her biri üçin aýry-aýry harplar alynsa, onda harplaryň sany has artyp, ýazuwy, ýazuw kadälaryny işläp düzmekligi, sowat öwretmekligi, sowatly ýazyp bilmekligi kynlaşdyrardy.
Diliň, dialektiň, gepleşigiň seslerini fonetik trankripsiýa arkaly şöhlelendirmekligiň örän uly ylmy ähmiýeti bardyr.
Gepleýiş sesleriniň birentegi sözleri, sözlerdäki goşulmalary many taýdan tapawutlandyrmak hyzmatyny ýerine ýetirse, başga birnäçeleri bu häsiyete eỳe däldir.
Sözdäki çekimli ses başga bir çekimlä, çekimsiz başga bir çekimsize çalşyrylanda, ol sözüň manysy üýtgäp, başga mana geçýär.
Mysal üçin: bal, bol, bil, bö:l–/böl/, bi:l–/bil/… kimin sözlerdäki birmeňzeş fonetik şertlerde, ýagny b hem-de l çekimsizleriniň a, o, i, a:, ö:, i: çekimlileriniň; ýer, ter, şer, zer, ber, der, ser sözlerinde ý, t, z, ş, b, d, s çekimsizleriniň degişli sözleri özara many taýdan tapawutlandyrýandyklaryny ýa-da şeýle çalşyk netijesinde sözüň many aňlatmak ukybyny ýitirýändigini görýäris.
Sesleriň birnäçeleri söz formalarynyň – goşulmalaryň grammatik manylaryny hem tapawutlandyrýarlar. Mysal üçin; çagam, jigim, daýyň, iniň sözleriniň m, ň çekimsizleri sözleriň leksik manylaryny üýtgetmediler, olar sözleriň grammatik manylarny takykladylar: m arkaly goşulan sözlerinden aňlanylýan düşünjeleriň degişligiň l–nji şahsyna, ň arkaly bolsa ll–nji şahsyna degişlidigi aňladyldy. Sözleriň şular ýaly leksik manylaryny ýa-da olarynyň morfologik formalarynyň grammatik manylaryny tapawutlandyrmaga ukyply seslere fonemalar diýilýär. Fonemalar diliň ses gurluşynda bölünmeýän iň kiçi, onuň esasy ses birlikleri bolup durýarlar.
Fonemalar üzňelikde ulanylmaýarlar, olar mydama belli bir tertipde utgaşyp, haýsy-da bolsa bir many aňladýan sözleri ýa-da goşulmalary emele getirýärler. Belli–belli fonetik şertlerde sözde bir fonema beýleki bir fonemanyň täsirine düşýär. Şeýlelik bilen, olaryň dürli eşidilişleri, öwüşgünlikleri, artikulýasiýasynyň orny taýdan tapawutly görnüşleri peýda bolýar.
Fonemalaryň şu hili dürli mukdar we hil (artikulýasiýasy) taýdan tapawutly görnüşlerine wariant diýilýär: bar /mak/, o:wa /oba/, doň, diň, daň, deň…
Mysallardaky dodagara, süýkeş w sesi, goşadodak, zarply b çekimsiziniň wariantydyr, ň sesileri hem bir fonemanyň wariantlarydyr.
Bir fonemanyň wariantlary birmeňzeş fonetik şertlerde – orunlarda gelip bilmeýär, sözüň leksik manysynyň üýtgedibem, tapawutlandyrybam bilmeýär. Şonuň üçin wariantlar dildäki fonemalaryň – esasy sesleriň töwereginde jemlenýärler. Diýmek, fonemalar gepleýiş sesleriniň esasy özeni bolup durýar.
Fonemalar bilen fonetikanyň ýörite bir bölümi meşgullanýar, oňa fonologiýa diýilýär. Fonologiýa hakynda T.Täҫmyradow ӧzüniň «Häzirki zaman türkmen dili» atly işinde sesleriň many gatnaşygy boýunça toparlara bölünişi diýip ol hakynda şeýle ýazýar: «Sesleri öwrenmegiň üçünji ugry, dürli adalgalar bilen (funksional ugur, sosial ugur, lingwistik ugur, fonomatik ugurwe ş.m.) atlandyrylmagyna garamazdan, hemme alymlar tarapyndan ykrar edilen ugurdyr. Onda sesiň mana gatnaşygy öwrenilýär. Umumy dil biliminde muňa fonologiýa diýilýär. Fonologiýa (grekçe phone - ses, owaz + logos ~ taglymat) dil biliminiň bir bölümi, onda sesler ýerine ýetirýän hyzmaty boýunça öwrenilýär.
Bu ugur sesleriň hut sözleýişde, gepleşikde ýerine ýetirýän hyzmatyny öwrenmegi maksat edinýär, onda-da hemme sesleri däl (sesler fone.tikada öwrenilýär), dine many boýunça sözleri, goşulmalary tapawutlandyryp bilýän sesleri öwrenmegi maksat edinýär.
Türkmen dil biliminde fonologiýa az işlenilen bölüm. 1950-nji ýyllara çenli ýazylan işlerde, esasan, türkmen diliniň ses ulgamyna üns berlip, fonologiýa az üns berlen bolsa, soňky ýyllarda ýazylan fonetikalarda fonema nukdaý nazaryndan derňew geçirilse-de, fonologiýa dil biliminiň aýratyn bölümi hökmünde derňelmeýär, şonuň netijesinde fonologiýanyň maksady fonetikanyň maksadyndan tapawutlandyrylmaýar. Dogry, A.Annanurowyň, H.Bagyýewiň işlerinde ses bilen fonemany, fonetika bilen fonologiýany tapawutlandyrmakda ilkinji synanyşyklar edildi37. Şeýlelikde, fonologiýa fonema baradaky taglymatdyr, fonema baradaky ylymdyr38.
Достарыңызбен бөлісу: |