Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган


Sesleriň artikulýasiýasy we artikulýasion baza



бет21/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   119
Sesleriň artikulýasiýasy we artikulýasion baza. Gep organlarynyň haýsydyr bir gepleýiş sesini emele getirmek üçin edýän hereketine, duruş ýagdaýyna şol sesiň artikulýasiýasy diýilýär.

Artikulýasiýa hakynda T.Täҫmyradow şeýle pikirleri bildirýär: «Artikulýasiýa (latynça articulare - anyk aýtmak) - sesleri ;iýtinakda zerur bolan gep agzalarynyň ýerine ýetirýän işi, hyzmaty. Has takyk aýtsak, artikulýasiýa diýmek sesi döretmek diýmekdir. Sesler artikulýasiýataýdan toparlara bölünende, her bir sesiň artikuiýasiýasynyň orny we hili hasaba alynýar. Artikulýasiýanyň orny gep agzalarynyň galtaşmagy bilen howa akymyna döredilen garşylygy ýeňip geçmek netijesinde ses döredilýän nokatdyr»34.

Her bir diliň gepleýiş sesleriniň artikulýasiýasy şol dilde gepleýänler tarapyndan endik boýunça amala aşyrylýar, ol, adatça, ýörite taýýarlygy talap etmeýär. Emma başga bir dili öwrenmäge başlasak, onda biz özümiziň endik etmedik, öwrenişmedik dilimiziň sesleriniň aýratynlyklaryny özleşdirmek üçin ýörite meşgullanmaly bolarys. Şonuň üçin başga dil öwrenilende, onuň sesleriniň emele geliş aýratynlyklaryny, akustik häsiýetlerini özleşdirmeli, olara endik etmeli bolýar.

Her bir diliň sesleriniň özüne häsiýetli artikulýasion aýratynlygy bolýar, haýsy hem bolsa bir diliň hemme seslerini hasyl etmek üçin zerur bolan artikulýasiýanyň bütin jemine şol diliň artikulýasion bazasy diýilýär. Bir diliň artikulýasion bazasy başga bir diliň artikulýasion bazasyna laýyk gelmeýär.



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет