Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган


Diliň iň aktiw hereket edýän ýeri onuň ujudyr



бет19/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   119
Diliň iň aktiw hereket edýän ýeri onuň ujudyr.

Dil özüniň aktiw hereket edijiligi bilen agyz boşlugynyň içinde aňyrdan gelýän howa akymynyň öňüne doly böwet hem bolup bilýär: howa akymy dörän päsgelçilige zor salyp, ony zarp bilen böwsüp geçende, zarply çekimsizler (g,d,k,t...) emele gelýär. Diliň ujyn alyn dişlere ýakynlaşyp ýa-da olara çala galtaşyp, howa akymynyň garşysynda yşgalaň hem döredip bilýär: howa akymy yşgalaňyň arasyndan gep organlaryna sürtenip geçende, süýkeş çekimsizler (j,z,ý,s,ş..) hasyl bolýar. Dil agyz boşlugynda böwet ýa yşgalaň döretmän, howa akymynyň päsgelsiz geçip gitmegine giň geçelge emele getirende bolsa, çekimliler hasyl bolýar.

Agyz boşlugynyň öň tarapy aşaky we ýokarky dodaklar, alyn dişler bilen çäklenýär.

Dodaklar. Gepleýiş sesleriniň birnäçesi aýdylanda, dodaklaryň işleýşi ýokarky we aşaky dodaklaryň ýa-da aşaky dodak bilen ýokarky alyn dişleriň arasynda bolýar. Çekimli sesler aýdylanda, dodaklar tegelenip, öňe yza, dodak çekimlileri hasyl bolýarlar (o,ö,u,ü,). Käbir çekimsizler aýdylanda, dodaklar aňyrdan gelýän howa akymynyň öňünde biri–birine gapyşyp, böwet döretse, zarply dodak çekimsizleri emele gelýär (p,b,m). Dodaklar biri–birine has ýakynlaşyp, yşgalaň döredip hem bilerler. Şeýle bolanda, süýkeş dodak çekimsizleri emele gelýär.

Aşaky eňek. Gepleýiş sesleriniň birnäçesiniň aýdylyşy aşaky eňegiň hereketine baglydyr. Agyz boşlugynyň giňelip–daralyp durmagy aşaky eňegiň ýokary galyş we aşak düşüş derejesine bagly bolýar. Çekimliler emele gelende, ol aşak düşüp, agyz boşlugynyň içi giňelýär, çekimsiz sesler hasyl bolanda, ýokary galyp, onuň içi daralýar.

Burun boşlugy çylşyrymly, köp egrem–bugramly boşluk bolup, damak we agyz boşluklarynyň tersine öz göwrümini, formasyny üýtgetmeýän kömekçi rezonatordyr. Ol agyz boşlugyndan ýumşak kentlewük arkaly aýrylyşýar. Ýumşak kentlewügiň hereket edip–etmezligine baglylykda bu boşluk gepleýiş sesleriniň emele gelmegine gatnaşyp hem, gatnaşman hem bilýär: ýumşak kentlewük ýokary galyp, burun boşlugyna gidýän ýoly beklände, bu boşluk sesleriň hasyl bolmagyna gatnaşmakdan çetleşýär. Şeýlelikde, agyz ýolly sesleriň emele gelmegine mümkinçilik döreýär. Ol aşak düşende, agyz boşlugy bilen utgaşyp gidýär. Netijede, howa akymynyň belli bir böleginiň burun boşlugyna geçip gitmegine ýol açylýar. Şeýle ýagdaýda emele gelýän seslere (m,n,ň) burun äheňi goşulýar, şu sebäpli hem olara burun ýolly sesler diýilýär.

Türkmen dilinde burun boşlugynyň gepleýiş sesleriniň hasyl bolmagyndaky funksiýasy şunuň bilen gutarýar.

Gep organlarynyň hemmesi dem alyş ýolunyň ugrunda ýerleşýär: aňyrdan gelýän howa akymy bokurdak şahalarynyň içi bilen geçip, bokurdaga, bokurdakdan bogaza, bogazdan hem damak boşlugyna girýär, damak boşlugyndan bolsa agyz ýa burun boşlugyna düşüp çykyp gidýär: howa akymynyň ýoly, ine, şeýledir. Öýkenden gelýän howa akymy diňe gepleýiş apparatynyň işleýän ýagdaýynda gepleýiş seslerini emele getirýär.

Adamyň gepleýiş apparatynyň işini onuň merkezi nerw sistemasy dolandyrýar: diňe şoňa tabynlykda gep organlary hereketlenip, özleriniň duruş ýagdaýlaryny üýtgedip bilýärler.





Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет