Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган


Dil biliminde bar bolan barlaglara ser salanymyzda çekimli fonemalaryň toparlara bölünişi şeýleräk



бет27/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   119
Dil biliminde bar bolan barlaglara ser salanymyzda çekimli fonemalaryň toparlara bölünişi şeýleräk: Çekimli fonemalar özara mukdar we hil taỳdan toparlara bölünỳär.

Çekimlileriň mukdar taýdan toparlara bölünişi barada T.Täҫmyradow şeýle pikirleri ӧňe goýýar. « Çekimlileri toparlara bölmekde ilki bilen owazyň uzyn-gysgalygy göz öňünde tutulýar. Şu häsiýetine görä, çekimli sesler gysga [a], [i], [o], [a], [u], [ü], [e], [y] we uzyn [a:], [i:], [o:], [ö:], [u:], [ü:], [ä:], [y:] çekimliler diýen iki topara bölünýär. Uzyn çekimliler gysga çekimlilere garanyňda, 65 Sah takmynan, iki esse uzyn, dowamiy aýdylýar([u}ç-[u:]ç, g[a]l-g[a:]l, [o]t-[o:]t, g[y]z-g[y:]z we ş.rn.). Uzyn çekimlileriň hemmesiniň-de dowamlylygy birmeňzeş däl.

Gysga çekimliler barada hem şony aýtmak bolar. Şuňa görä, esasan, dar gysga çekimliler: [y], [i], [u], [ü] fonetik hadysaiar netijesinde dürli özgerişlere (ysgynsyzlanmaga, gowşak eşidilmäge, hatda düşüp galmak ýaly ýagdaýlara) aňsatlyk bilen sezewar bolýarlar.

Uzyn çekimlileriň fonematik ähmiýeti bardyr, olar özleriniň ulanylýan sözleriniň manysyny gysga çekimlili şol görnüşdäki sözleriň manysyndan tapawutlaňdyrýarlar: tt, tt, ç, ç, g<ö:>r, g<ö>r, gl, gl, çl, çl, gz, gzwe ş.m. Görnüşi ýaly, deňeşdirme hökmünde getirilen sözleriň manylary biri-birinden bütinleý başgaçadyr. Bu hili uzyn çekimlilere özbaşdaklaşan uzyn çekimliler diýilýär.

Uzyn çekimliler birnäçe sözleri çekimlisi gysga bolan şoi görnüşdäki sözlerden tapawutlandyrmaga-da hyzmat edýär: drajyk(sypat, da:r sözünden), drajyk (at, darak sözünden), at {ata, ýöneliş düşüm), at {at[a], baş düşüm), glyň (işligiň buýruk formasy), glyň (sypat), t<ö:>re (at, ýöneliş düşüm), tföjre (at, baş düşüm) we başgalar.

Uzyn çekimlili başga birnäçe sözlere görnüşi taýdan barabar bolan gysga çekimlili sözler türkmen diliniň sözlük düzüminde duşmaýar: dr, n, g<ö:>k, k<ö:>l, r, z we ş.m. Bu hili çekimlilere özbaşdaklaşmadyk uzyn çekimliler diýilýär. Gelip çykyşy taýdan başga dillere degişli bolan ençeme sözlerde duşýan uzyn çekimliler şol sözleriň aslyndaky uzyn çekimlilere gabat gelýär: jn, nn, ç<ä:>re, srat, haýwn, dam we başgalar44. Uzyn çekimlileriň emele gelşi, gelip çykyşy, ýagny etimologiýasy birmeňzeş däl. Ençeme uzyn çekimliler gadymy türk dilleriň ýazuw yadygärliklerinde ulanylyp, diliň häzirki ösüş ýagdaýyna çenli saklanyp gelipdirler. Bularyň nähili ýüze çykandygyny häzir doly subut etmek kyn45. Şonuň üçin olara ilkinji ýa-da etimologik uzyn çekimliler diýilýär. Olar, başgaça, gadymy türki uzyn çekimliler diýlip hem atlandyrylýar: l, <ö:>l, dl, dş fýazl. düýş) ýn, t<ö:>z we ş.m.

Uzyn çekimlileriň başga bir hilisi gadymy türki ýazuw yadygärliklerinde duşman, diliň ösüş taryhynda soňrak belli-belli fonetik kanunlar esasynda (çekimsiziň düşüp galmagy, iki çekimliniň birleşmegi we ş.m.) ýüze çykypdyr. Diýmek, emele gelşini fonetik kanunlar bilen subut edip, düşündirmek mümkin bolan uzyn çekimlilere ikinji derejeli uzyn çekimliler diýilýär. Beýle çekimliler kombinator uzyn çekimliler diýlip hem atlandyrylýar: öýd<ä:>ki (<öýd-ki), ikil<ä:>p (+ip), r (we ş.m. Şeýlelikde, kombinator uzyn çekimlileriň peýda bolşuny, ýüze çykyşyny diliň kanunlary arkaly yzarlamak we takyklamak doly mümkin»46.





Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет