Ortaky hatar çekimlileri. Bularyň emele gelşi aşakdaky alamatlar bilen häsiýetlenýär: a) dil bütin göwresi bilen az–kem yza çekilip, onuň ujy aşaky alyn dişlerden biraz daşlaşýar; b) diliň yz we orta bölekleriniň ikiýan gapdäly bolsa gaty kentlewüge golaýlaşýar; w) netijede, dil ardyndaky boşluk giňelip, onuň ujundaky boşluk bolsa daralýar. Ine, şu hili artikulýasiýada ortaky hatar y, y çekimli fonemalary hasyl bolýar. Ortaky we yzky hatar çekimlilerine başgaça ýogyn çekimliler hem diýilýär.
Alynky hatar çekimlileri. Bularyň artikulýasiýasy aşakdaky alamatlar bilen häsiýetlenýär: a) dil bütin göwresi bilen öňe süýşüp, onuň ujy aşaky alyn dişleriň düýbüne has ýakynlaşýar ýa-da direlýär; b) diliň orta bölegi bolsa gaty kentlewüge tarap has ýokary göterilýär; w) netijede dil ardynyň damakdan öňe süýşmegi bilen agyz boşlugynyň öň tarapy belli derejede daralýar: Ine, şu hili artikulýasiýada alynky hatar i, i, ö, ö, u, u, e, e, ä fonemalary hem-de e; ä çekimlileri (wariantlar) emele gelýär. Bular başgaça inçe çekimliler diýlip hem atlandyrylýar.