Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет7/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   119
1.2. SÖZLEÝŞIŇ FONETIK BIRLIKLERI

Meýilnama:

1. Jümle (fraza) hakynda düşünje.

2. Sözleýiş ӧrümi (takty) barada maglumat.

3. Bogun hakynda düşünje.

4. Ses barada düşünje.

5.Türkmen dilinde bogun gurluşynyň öwrenilişi

Daýanç düşünjesi: fraza, gepleýiş takty, bogun, ses barada düşünje. Olaryň türkmen dilinde ulanylyşy.
Türkmen dil biliminde ýazylan ylmy barlaglardan mälim bolşy ýaly Dili öwrenmek birinji nobatda sözleýşi özara birliklere bölmekden başlanýar. Sözleýşiň in uly fonetik birligi hökmünde jümle görkezilýär. Jümle sözlem bilen galtaşýar. Jümle-de edil sözlem ýaly gutarnykly äheňe eye bolýar. Sözleýişde jümleler biri-birinden säginme arkaly bölünýär. Jümle hem öz gezeginde maýda birliklere bölünýär18.

Jümläni sözleýiş örümlerine bölmekde her adamyň sözleýiş aýratynlygynyň bolmagy (aýdaly, klubuň // nobatdaky sanlarynda // medeniýet // we sungat işgärlerini çagyrmak...), şoňa laýyklykda säginme edilmegi mümkindir. Sözleýiş örümi bolmagy üçin şol dil birliginiň kiçijik säginme bilen aýdylmagy zerur. Sözleýiş örüminde edilýän säginme jümlelerde edilýän säginmeden gysgadyr, kiçidir (jümleden son edilýän säginmäni görkezmek üçin iki dik çyzyk (II) belgisi goýulýar19. Mysal üçin:

Belki, durmuş diýen,

Meniň özümdir?

Halal duzum iýen

Ogul, gyzymdyr?20,

– diýen bentde her setir bir frazadyr, grammatik jehtden onda üç sözlem bar: birinji, ikinji birigip bir sözlemi, üçünji we dördünji setirler hem birigip bir sözlemi emele getirýär.

Fraza sözleme barabar bolup hem barabar bolman hem biler. Ol sözlemden uzyn hem, gyzga hem bolup biler. Fraza fonetik, sözlem grammatik birlikdir21.



Достарыңызбен бөлісу:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет