Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган


I BAP. FONETIKA – DIL SESLERI BARADAKY YLYM



бет3/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   119
I BAP. FONETIKA – DIL SESLERI BARADAKY YLYM

1.1. FONETIKANYŇ ÖWRENÝÄN OBÝEKTI. FONETIKANYŇ GÖRNÜŞLERI

Meýilnama:

1.Fonetika barada maglumat we onuň taryhyna gysgaça syn.

2. Fonetikany öwrenmegiň ähmiỳeti.

3. Fonetikanyň görnüşleri.

Daýanç düşünjeleri: Fonetika barada maglumat we onuň taryhyna gysgaça syn, fonetikany öwrenmegiň ähmiỳeti, fonetikanyň görnüşleri barada maglumat.
Dil bilimine degişli ҫeşmelerden bize mälim bolşy ýaly, jemgyýetde iň zerur we örän ähmiýetli hyzmaty, ýagny, adamlaryň biri-biri bilen gepleşip, öz pikir-duýgularyny bildirmek üçin aragatnaşyk guraly wezipesini ýerine ýetirýän dil seslerden düzülýär. Dil biliminiň diliň ses ulgamyny, ýagny, diliň ses tarapyny, sesleriň toparlaryny, fonemalaryny, bogunlaryny, basymyny, äheňini, aýdylyş usullaryny öwrenýän bölümine fonetika diýilýär. Dildäki ähli sesler tutuş bir sistemany emele getirýär. Bu sesiň tutuş dil sistemasyna degişlidigi onuň dildäki başga seslere bolan gatnaşygynda, garama-garşy goýulmagynda, özara deňeşdirilende anyk ýüze çykýar. Lingwistik sözlüklerde bellenilişi ýaly «Fonetika» adalgasy grek sözünden emele gelip, ol aslynda phone-ses diýmekdir. Şonuň üçin fonetika – sözleýiş sesleri hakyndaky ylymdyr. Fonetika sesleriň we dilde peýda bolýan ses hadysalarynyň, diňe bir häzirki döwürdäki ösüşini däl–de, umuman, ösüşini hem öwrenýär. Dil biliminiň bu bölüminiň döreýiş we ösüş taryhy gaty gadymydyr. Belli türkmen dilşynas alymy T.Bekjäýewiň «Umumy dil bilimi» (Aşgabat, 2010) atly monografiýasynda diliň ses tarapy baradaky garaýyşlara hindi dilçileriniň biziň eýýamymyzdan öňki döwürde döredilen işlerinde gabat gelmek bolýa. Esasanda, b.e.öňki V asyrda hindi alymlary fonetikanyň birtopar meselelerini öwrenendigini, gadymy hindi Wedälarynyň Şikşa atlandyrylýan bölüminde fonetik hadysalar bolan partlaýjy ses, süýkeş ses barada gürrüň edilýändigi, b.e.öňki IV asyrda ýaşan Panini, III asyrda ýaşan Wararuçi Kataýaýana öz işlerinde fonetika bilen bagly meseleleri çuňňur öwrenendigi, gadymy döwrüň görnükli fonetikleri hasaplanylan hindiler diliň seslerini fiziologik taýdan hem barlag edendigini, olar sesleriň emele gelmeginde diliň ähmiýetini aýdyňlaşdyrmak maksady bilen, alynky, orta, yzky hatar sesleriniň emele geliş ýollaryny derňändiklerini, hindi alymlary sesiň döremeginde dişleriň, dodaklaryň, damagyň ähmiýetini belländiklerini, b. e ö II we I asyrlarda grek alymlarynyň işlerinde hem diliň fonetika bölümine uly üns berilýändigini, grekler sesleriň akustik aýratynlygyny derňemäge has-da giňişleýin çemeleşendigini9 belläp geçýär.

Fonetika barada soňky dӧwürde ҫap edilen barlaglarda hem ýokardaky ýaly pikirlere duş gelýäris. Meselem, Aky Gurdowyň «Dil bilimine giriş» (Türkmenabat, 2010) atly gollanmasynda: «Fonetika (grekçe “phone” ses, owaz) diliñ ses, bogun, basym, heñ (intonatsion), grafiki gurluşyny öwrenŷän ylymdyr»10 – diýen pikirleri getiripdir we awtor ӧz gollanmasynda gep organlary, ses we fonema, segment fonemalar (sesler), çekimsiz fonemalar (consonants) we başga-da fonetikanyň meseleleri babatda degerli pikirleri ӧňe goýýar.

T.T.Täçmyradow bolsa ӧzüniň «Häzirki zaman Türkmen dili. Fonetika» (Aşgabat, 2002) okuw kitabynda «Fonetika (grekçe phone-ses, owaz) diliň seslerini, fonologiýa (grekçe phone + logos - taglymat, ylym) sesleriň hyzmat aýratynlyklaryny öwrenýän ylymdyr. Şu iki bölüme aşakdakylar hem gatnaşýar: dürs aýdylyş orfoepiýa (grekçe orthos - dogry + epos -gepleýiş, \\ sözleýiş) - edebi aýdylyşyň kadalaryny öwredýär, grafika (grekçe graph - ýazýaryn) - harplaryň ýazylyşyny we nähili sesi aňladýandygyny öwredýär, dürs ýazuw ýa-da (orfografiýa, grekçe orthos + grapho) sözleriň dogry ýazylyşyny öwredýär»11 - diýen pikirleri aýdýar.

Lingwistik ylymdan mälim bolşy ýaly fonetikany öwrenmegiň amaly nukdaýy nazardan hem ahmiýeti uludyr. Diliň fonema sostawyny öňünden kesgitlemezden, onuň ýazuw bilen baglanyşygyny, hiç bir meselesini-de, çözmek asla mumkin däl. Sebäbi, biziň häzirki ýazuwymyz ses ýazuwy bolup, her bir ses tip, her bir fonema (käwagt birnäçe fonemalar) kabul edilen şertli belgi bilen bellenilýär, ýagny, elipbiýde, adatça, her bir fonema derek aýratyn harp alynýar.

Daşary yurt dillerini öwrenmekde hem ene diliniň fonetikasyny gowy bilmegiň uly amaly ähmiýeti bardyr. Sebäbi, Watanymyzyň dünýä siwilizasiýasynda öz mynasyp ornuny tapýan häzirki wagtda kämil kardlary ösdürip ýetişdirmekde daşary yurt dillerini, şol sanda rus, iňlis dillerini öwrenmekde hem fonetika ylmy uly ähmiýete eýedir. Daşary yurt dillerinde hem fonetika ylmy bar. Meselem, iňlis dilinde 26 harp, rus dilinde 38 harp bar. Şonuň üçin daşary ýurt dilindäki sesleriň artikulýasiýasyny öz diliniň sesleri bilen deňeşdirmäge, şeýlelik bilen hem, ol dili aňly–düşünjeli özleşdirmäge kömek edýär.

Häzirki dil biliminde diliň ses sistemasy dürli nukdaý nazardan çemeleşip öwrenilýär. Şoňa baglylykda fonetikanyň birnäçe görnüşleri öz-ara tapawutlanýar.

Bir diliň ýa-da köp dilleriň ses sistemasy öwrenilýändigi taýdan ol hususy fonetika hem-de umumy fonetika bölünýär12 :



Достарыңызбен бөлісу:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет