Daýanç düşünjesi: sinonimler we olaryň döreýiş taryhy, sinonimleriň stilistik funksiýasy barada maglumat.
Türkmen dilinde bir zady, hadysany ýa-da nähilidir bir ýagdaýy diliň dürli ýollary bilen, ýagny ýeke-täk bir söz hem-de goşma sözler, söz düzümleri bilen aňladyp bolýar. Şol hili ýol bilen aňladylýan sözler we söz düzümleri sinonimler gatnaşygyna girip, olaryň käbiri many ýokundylary bilen, käbiri bolsa stil öwüşgini, täsirliligi bilen tapawutlanýarlar. Ýerlikli ulanylan söz düzümi sinonimdeş beýleki ýönekeý, bitarap ýokundyly sözden has täsirli bolup duýulýar, bütin jümläniň, kontekstiň çeperçiligini artdyrýar.
Sinonimler hadysasy her bir diliň baýlygyny, onuň özboluşlylygyny görkezýän serişdelerden hasaplanýar. Biziň häzirki zaman türkmen dilimiz baý dillerden biri bolmak bilen, birlikde sinonimlere hem baýdyr. Şoňa görä-de her bir diliň söz gorumynyň sinonimlere baý bolmagy şol dili göterýän halkyň medeniýetiniň nä derejede ösendigini görkezýär. Türkmen diliniň söz düzüminde bolsa, sinonimler hadysasy örän giň gerim alan hadysadyr. Sinonimleriň hyzmaty dilde uly bolup, dürli düşünjeleri, aýry-aýry aýratynlyklary, özleriniň emossional-ekspressiw öwüşginliklerini aňlatmakda diliň iň wajyp bir bölegi bolup hyzmat edýärler, dilimizi has-da janlandyrýarlar. Özleriniň şeýle häsiýetleri bilen biziň gepleşigimiziň, sözleýşimiziň ötgür, täsirli bolmagyna, pikirimiziň dürs we inçelik bilen beýan etmegimize, stilimiziň has gowulaşmagyna, timarlanmagyna, dilewarlyk bilen çeper, medeniýetli beýan etmäge ýardam edýärler.
Dil biliminde sinonimler meselesi täze ýüze çykan mesele bolman, onuň uly taryhy bar. Sinonim adalgasy (grekçe <> ) ýagny manydaş, ýakyn, meňzeş manyly sözler bolup, biziň dilimize rus dili arkaly girip, häzirki manysynda baryp, antik edebiýatynda ulanylyp başlapdyr. Şol döwürde ýaşan, dilewarlyk sungatynyň nazaryýeti bilen meşgullanan, hut hakykatyň özüne eýeren Demokrit, Aristotel ýaly pelsepeçiler öz işlerinde dildäki sinonimler bilen baglanyşykly hadysalara pelsepe ylmynyň aýratyn bir meselesi hökmünde garapdyrlar. Sinonimler meselesi rus dilşynaslygynda hem öňräkden öwrenilip başlanýar. ХVIII asyryň ikinji ýarymyndan başlap, biziň döwrümize çenli ençeme alymlar – D.J.Fonwizin, F.Kalaýdowiç, N.Koh, N.M. Baženow, A.A.Reformatskiý, W.W.Winogradow, A.B.Şapiro we ş.m. sinonimler meselesi bilen gyzyklanypdyrlar.
Türki dilleriň ulgamyna girýän dilleriň aglabasynda diýen ýaly, şonuň bilen birlikde türkmen dilinde hem sinonimler meselesi alymlaryň ünsüni özüne çekip, azda-kände grammatikalarda we käbir dilleriň leksikologiýa kursunda öwrenilýär. Türkmen dilinde ilkinjilerden bolup, sinonimler baradaky maglumatlar H.Baýlyýew we G.Sopyýew tarapyndan 1946-njy ýylda diliň çeperçilik serişdesi hökmünde garalyp, orta mekdepler üçin niýetlenen grammatikada diňe gysgaça kesgitlemeleriň berilmegi bilen çäklenilýär.
Sinonimler hadysasy barada dilşynaslaryň arasynda dürli pikirler ýöredilýär. Olaryň käbirleri sinonimleşýän sözleriň aňladýan manylarynyň büs-bütin, doly möçberde meňzeş bolanlaryny unasalar, käbirleri sözleriň diňe meňzeş däl-de, eýsem ýakyn many aňladýan sözleri hem hasaba alyp, sinonim hökmünde häsiýetlendirilmeginiň tarapdarlary. Şeýlelikde, umumylaşdyrylyp alnanda, türkmen dilşynaslygynda-da ses (fonetika) taýdan, şeýle hem haýsydyr bir üýtgeşik aýratynlygy – ulanylyşy, öwüşgini, labyzlylygy, şireliligi, gadymylygy, şahyranalylygy we ş.m. bilen tapawutlanyp, birmeňzeş ýa-da biri-birine ýakyn many aňladýan sözleri sinonim hasap etse bolar. Ýöne şu ýerde bir zady belläp geçmeli, sinonimler hataryny düzýän sözleriň, ýagny, biri-birine ýakyn manyny aňladýan sözleriň sinonim hökmünde baş söze degişlilikde kabul edilip-edilmezligini şertlii we jedelli hasap etmeli, sebäbi sinonimleşýän sözleriň käbiriniň aňladýan manylarynyň arasyndaky ýakynlygydyr daşlygynyň kesgitleniş çäginiň näderejededigini, soňky çäginiň nirede tamamlanýandygyny takyklamakda, anyklamakda kynçylyk döreýär. Şonuň üçin bu mesele her bir kesiň özüçe garaýşyna, düşünişine, çemeleşişine bagly bolup durýanlygy sebäpli, ol şertli suratda kabul edilmegini talap edýär. Biz bu ýerde sinonimler hataryndaky aýry-aýrylykdaky mantyk mazmunynyň birligini we olaryň ulanylyşynda käbir tapawutlarynyň bolup biljekdigini göz öňünde tutýarys.
Soňky döwürlerde sinonimler hadysasy bilen baglanyşykly leksika sinonimleri bilen bir hatarda sintaksis, grammatika sinonimleri hem dilçi alymlaryň ünsüni özüne çekip geldi.
Sinonimler hakynda N.Nertyýew şeýle diýýär: «Manysy bir ýa-da ýakyn bolan sözlere sinonimler diýilýär. “Sinonim” sözi grekçe synonymos (< gr. syn bir, birlikde – onymos at) “bir atly”, “bir manyly” sözünden gelip çykypdyr. Ol manysy bir ýa-da golaý bolan sözleri aňladýan hem bolsa, ol sözleriň manysynda we ulanylyşynda hiç hili tapawut ýokdur diýip düşünmek bolmaz. Tersine, sinonimleriň köpüsi manysy we stilistik taýdan ulanylyşy boýunça azda-kände tapawutlanýan sözlerdir88».
Meselem:
Möwsüm güli solar, guryr, öçer sen
Ajal ýetip, kaza dolup ölende
Namart maslahaty, geňeşi söýmez. (Magtymguly.)
Sinonimleriň esasy mazmuny olaryň dürli many ýokundysynyň bolmagyndadyr. Umumy bir zady hadysany sinonim sözler dürli nukdaýnazardan häsiýetlendirýärler. Şonuň üçin hem sinonim sözler bir umumy many aňlatmasalar–da, many ýokundylary we stilistik öwüşginleri boýunça olaryň aňladyjylyk ukyplary birmeňzeş däldir. Olaryň biri–birinden semantikasy, stili: täsirlilik-emotsionallygy boýunça tapawutlanýarlar. Meselem: hakykatçy, dogruçyl, adälatly, parasatly, paýhasly, pähimli, batyr, edermen, görkmazak, ýürekli.
Sinonim hataryň içinden stilistik taýdan neýtral, ekspessiw–emosional ýokundysyz söze baş söz–dominant bellenilýär. Dominant baş söz hatardaky ähli sinonimleriň neýtral komponenti bolýar. Dominantdan soň sinonimler alamatlarynyň hil we mukdar ösüşiniň yzygiderligi boýunça berilýär.
Sinonimik hatarda diňe manydaş sözler bolman, şol manydaky frazeologizmler–de bolup biler. Frazeologizmler many we stlistik öwüşgini boýunça neýtral sözden tapawutlanýarlar. Meselem: uklamadym-kirpigim çalynmady, çigildem köwledim, gözüme çiş kakylan ýaly, çirim etmedim.
Sinonimleriň semantika–stilistik klassifikasiýasy. Sinonimleriň manysyna we stilistik öwüşgininiň aýratynlyklaryna esaslanyp iki topara bölmek mümkin: ideografik hem-de stilistik sinonimler.
Ideografik sinonimlere mukdar we hil taýdan az–kem tapawudy bolan manydaş sözler degişli bolany üçin bulara semantik sinonimler hem diýilýär. Meselem, batyr, edermen gaýratly. Bu sözler «görkmazak» sözüniň manysynda ulanylsalar–da, many ýokundysy boýunça tapawutlanýan sözlerdir.
Stilistik sinonimler. Bir hereketi ýa-da hadysany ýa alamaty stilistik öwüşgini boýunça tapawutly aňladýan sözlere stilistik sinonimler diýilýär. Stilistik sinonimler umumy manysy gabat gelýän neýtral söz bilen manysyny deňeşdirmek arkaly ýüze çykarylýar. Meselem, Çokja (gepl. Dil)–çüňk, aýal (neýtral), heleý (ýön. Gepl. St.), zenan, janan, näzenin (şahyr. St.)
Söz we frazeologik sinonimler. Söz sinonimleri bilen birlikde olaryň manysyny täsirli berýän frazeologizmler hem ulanylýarlar. Meselem, gaçmak–ýazzyny bermek, ökjäni götermek, daz ýasamak, ýüzün salmak. Frazeologizmler sinonimdeş sözlerden özleriniň many ýokundylarynyň has ötgürligi boýunça tapawutlanýarlar.
Sinonimleriň döreýiş çeşmeleri. Ähli diller üçin mahsus bolan häsiýetler hökmünde, birinjiden, içki serişdeler arkaly, ikinjiden, daşky resurslaryň hasabyna sinonimleriň döreýändigini bellemek bolar. Içki serişdeler arkaly sinonimler dörände, esasan, olaryň biri täze manyda ulanylýar. Daşky resurslaryň hasabyna sinonimleriň döremegi bolsa başga dillerden geçen sözleriň kömegi bilen sözlük sostawyň üstüniň ýetirilmegi bilen baglanyşykly bolýar.
Adam aňynyň ösmegi bilen baglanyşykly diliň sözlerinde söz manysynyň giňelmegi we daralmagy, göçme manylylyk ýaly prosesler hemişe dowam edýär. Söz manysynyň ösmegi bilen sinonimleşýär. Meselem, gaýnamak sözüniň asyl manysy güýçli gyzdyrylmak, temperaturasy ýokarlanma zerarly bugaryp lakyrdamak bolup, ol lakyrdamak, lagyrdamak, lakyr–lakyr etmek, larsyldamak, lasyrdamak ýaly sözler bilen sinonimleşýän bolsa, onuň göçme manysy «möwç almak», «joşmak» ýaly sözler bilen sinonimleşip bilýär.
Sinonimleriň stilistik funksiýasy. Dil biliminde sinonimlere her bir diliň baýlygyny görkezýän dil serişdesi hökmünde garalýar. Sinonimler many ýokundysy wa stilisrik öwüşgini arkaly tapawutlanmak bilen eseriň dilini çeperleşdirmekde esasy hyzmaty ýerine ýetirýär. Sinonimler pikiri anyk, takyk, aýdyň beýan etmäge ýardam edýärler. Ýazyjy, şahyr pikirini many we stil taýdan anyk, aýdyň aňlatmak üçin sinonimiki hatardaky manydaş sözleriň içinden her bir kontekst üçin ýerlikli sinonimi seçip almagy başarmalydyr. Diýiljek pikire haýsy sinonim dogry gelip, täsirli bolýan bolsa, şony seljermegi başarmalydyr. Ýazyjylaryň öz pikirine anyk, aýdyň, ötgür obrazly beýan etmeginde söz azabynyň esasy agramy sinonimler bilen baglanyşyklydyr. Ýazyjy öz pikirini ilki birki gezek ýazýar. Emma ol tä göwnüne jaý bolýança sözlemiň sözlerini çalyşmak bilen dilini timarlaýar. Kä halatlarda ýazyjy oýlanyp degerli sözi tapýança ençeme wagt geçýär.
Türkmen dilindaki sözlerimize özleşdirilen sözleriň sinonim bolup ulanylýanlary–da bar. Meselem, ýurt – watan – diýar; dileg – arzuw; goşgy – şygyr....
Sinonimler, esasan, edebi eserlerde pikiri obrazly, tasirli beýan etmek uçin ulanylýan çeperçilik serişdesi bolup hyzmat edýärler.
Достарыңызбен бөлісу: |