Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган


Pars sözlerinden hasyl edilen antonimler



бет87/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   119
1.Pars sözlerinden hasyl edilen antonimler. Bu topara girýän antonimleriň iki komponenti–de pars diliniň sözlerindendir. Olar asly türkmen ýaly hiç bir düşündiriş talap etmeýärler. Meselem;

Merdi namart, namartlary mert kyldyň

Mest boldum, sust boldum, özüm ýitirdim (Magtymguly)

2.Arap sözlerinden hasyl edilen antonimler.

Paýlaşarlar halal–haram ýygnanyn

Halal kaýsy, haram kaýsy saýlan ýok. (Magtymguly)

3.Komponentleriň biri arap, biri–de pars sözlerinden bolan antonimler:

Dünýä gelen gidejekdir mat bolup

Özün bilmeý oýnap, gülüp şat bolup

Sud kaýsydyr, zyýan kaýsy, bilmedim (Magtymguly)



4.Komponentleriň biri ene dilinden, ikinjisi pars ýa-da arap sözlerinden bolan antonimler:

Namart duşman görse gussadan öler,

Goç ýigitler dördün bäşin aňlamaz

Şirin–şirin salar hasaba dünýä

Ajy–ajy azaba goýar dünýä (Magtymguly)

Strukturasy sostawy boýunça antonimleriň bölünişi. Türmken dilinde ulanylýan antonimleri komponentleriniň strukturasy esasynda aşakdaky ýaly toparlara bölmek mümkin:

1. Komponentleriniň ikisi–de asyl sözlerden bolan antonimler:

Ak ýüzünde gara zülpüň hünäri

Ýazşy yzzat ýaman tula ýaraşmaz (Kemine)

2. Komponentleriniň biri asyl sözden beýlekisi ýasama sözlerden bolan antonimler: Batyr söweşde belli, gorkak öýde

3.Ýasama sözlerden hasyl edilen antonimler. Bulary–da öz gezeginde birnäçe toparlara bölmek mümkin:

1) Birmeňzeş affiksli antonimler:



Çykdajy çykman, girdeji girmez. (Nakyl)

Ýagşylyk tamasyn etmäň

Ýamanlyk çykmaýan ärden (Magtymguly)

2) Dürli affiksli antonimler:

Ölüm bardyr diriligiňe daýanma

Söz we frazeologik antonimler. Söz antonimleri bilen bir hatarda tirkeş sözleriň, söz düzümleriniň antonimii bolup ulanylyşyna duş gelmek bolýar. Meselem, el urmak–el çekmek, bagty çüwmek–bagty ýatmak, göwni bitmek–göwni galmak, dili uzyn–dili gysga



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет