Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет81/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   77   78   79   80   81   82   83   84   ...   119
Omonimleriň görnüşleri. Omonimler özleriniň döreýiş çeşmeleri, gurluşlary boýunça dürli hili bolýarlar. Türkmen dilindäki omonimleri ene diliniň sözleri we başga dilleriň sözleri esasynda emele gelişlerine görä iki topara bölüp görkezmek mümkin.

1.Gomogen omonimler. Ene dilindäki polisemantik sözleriň käbir manylarynyň asyl manysyndan daşlaşmagy bilen dörän omonimler. Meselem, Düşüm I, gelişik, ýaraşyk. II grammatik termin. Omonimleri hasyl etmekde gatnaşýan sözleriň asyl sözdügine, ýasama sözdügine garap hem omonimleri toparlara bölmek mümkin. 1. Asyl sözlerden hasyl bolan omonimler. Beýle omonimlere asyl omonimler hem diýilýär. Meselem, Oý. I pikir, akyl ýetiriş. Oý II geogr. Pes ýer, çöketlik: III çukur etmek.



2.Ýasama omonimler. Ýasama omonimler dürli hili bolýarlar. Oňa dürli goşulmalar gatnaşýarlar. Meselem, Gatla I, gidrotehniki desga. Gatla II gat–gat etmek.

1. Leksik omonimler. Leksik omonoimde omonimdeş sözler bir söz toparyna degişli bolýarlar. Sapak I, inçejik ýüplük. Sapak II okadylýan ders.

2. Leksik–grammatik omonimler. Beýle omonimdeş sözler dürli söz toparyna degişli bolup, leksik–grammatik häsiýete eýe bolýar.

3. Frazeologik omonimler. Frazeologik omonimler dil biliminde soňky döwürlerde işlenilip başlandy. Meselem, Aýdylany etmeseň işiňi görýän. Eziz bilen eden işiňi görýän.



  1. Morfologik omonimler. Morfologik omonimlerde meňzeşlik söz formalarynda bolsa–da ol formalaryň her biri dürli mazmunda hyzmat edýärler. Şonuň üçin hem beýle omonimlere omoforma hem diýilýär. Morfologik omonimlere bir söze ikinji sözüň omonimdeş bolmagyny döredýän zat ikinji sözüň haýsy hem bolsa bir formasynyň gabat gelmegidir. Meselem, Açar I. Gulpy açmak we ýapmak üçin ulanylýan gural. Açar 2. Nämälim geljek zamanda gelen aç işligi.

Käbir işlerde omonimler iki hili bolýar diýlip görkezilýär: leksik omonimler we frazeologik omonimler.

Leksik omonimler – bular aýdylyşy, ýazylyşy meňzeş, ýöne başga–başga manylarda ulanylýan sözlerdir. Düşündirişli sözlüklerde omonimleriň manylary rim san belgileri bilen aýry-aýry sözler hökmünde düşündirilýär. Meselem, Ba:g 1. Miweli we saýaly agaclar ekilen meydan: Bir agacdan bag bolmaz (Atalar sözi).



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   77   78   79   80   81   82   83   84   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет