Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган


Iki sany kiçijik susak şekilli kitirdewük



бет16/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   119
Iki sany kiçijik susak şekilli kitirdewük hem ỳüzük şekilli kitirdewge sepleşýär. Dört kitirdewügiň muskul perdeleri arkaly özara sepişigi bogaza girelgäni emele getirỳär. Galkan şekilli kitirdewügiň diỳwarlaryna we susak şekilli kitirdewüklerin öñe çykyp duran ỳerine ỳapyşyp duran iki sany muskully ỳumry ỳorka bar, şolara hem owaz perdeleri diyilỳar.

Owaz perdeleri bogaza keseligine öñden yza tarap kekirdek ỳumrusynyň añyrsynda ỳerleşỳär. Olar owazyñ döremeginde esasy rol öỳnaỳar. Owaz perdeleriniň arasynda yşgalañ bar, oña owaz ýoly diyilỳär. Hereketlenip duran susak şekilli kitirdewükler owaz perdeleriniñ ỳagdaýyny we olaryn arasyndaky owaz ỳoly her hili formada üýtgedip durỳar şuña baglylykda owaz ýoly yzgiderli açylyp we ýapylyp bilýär. Owaz perdeleri dartgynly, çekilişip duran halda biri–birine gapyşan ỳagdaýynda öỳkenden gelỳän howa akymy zarp bilen olaryň arasyny böwsüp geçip, olary sazlaşykly, kadäly, birsydyrgyn titremäge mejbur edỳär, özüde owazlanỳar. Owazyň emele gelişi, ine, şunuň ỳaly bolỳar.

Owaz perdelerini sazlaşykly titredip, özi–de owazlanyp, bogazdan ỳokardaky boşluklara (damak, agyz we burun boşluklaryna) tarap gaỳdỳan owazly howa akymynyň täsiri bilen ol boşluklardaky howa massalarynda hem goşmaça owazlar döreỳär.

Owaz perdeleri dartgynsyz, gowşagrak, aralary–da (owaz ỳoly) açyk halda durỳar, öỳkenden gaỳdỳan howa akymy bolsa owaz perdeleriniň arasyndan belli bir güỳç bilen, emma zor salman, olaryň gyralaryndan sürtenip geçỳär, netijede, owaz däl–de, çawuş ses – galmagal emele gelỳär.



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет