Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет31/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   119
Ilkinji uzyn çekimliler. Bular bir bogunly sözlerde, köpbogynly sözleriň hem birnäçesiniň birinji bognunda duş gelỳär: a:k,(ak), u:n (un), gi:je (gije), du:z (duz), o:ỳluk (oỳluk), y:z (yz), ky:n (kyn)…

Şu hili uzyn çekimliler türki dilleriň ösüşiniň irki döwürlerinde hem bolupdyr: gadymy türki ýazuw ýädigärliklerinde ulanylan şol çekimliler diliň häzirki ösüş ýagdaýyna çenli hem saklanyp gelipdir. Olaryň nähili fonetik kanunlar, prosesler esasynda dörändigini gadymy we häzirki türki dilleriň faktlary arkaly subut edip bolmaýar. Şonuň üçin olary ilkinji uzyn çekimliler, gadymy türki uzyn çekimliler etimologik uzyn çekimliler ýaly terminler bilen atlandyrylýar.


Uzyn çekimliler arap we pars alynma sözleriň bir toparynda hem duş gelýär. Şeýle uzyn çekimliler bu dilleriň köp–köp sözleri bilen bile girip öňki uzynlygyny asylky fonetik keşbini saklapdyrlar. Şu sebäbe görä hem olara türkmen dilinde dörän kombinator häsiýetli uzyn çekimliler hökmünde garamak mümkin däl.

Arap sözlerinde: ta:ry:h (taryh) hä:zir (häzir), nu:r (nur), di:wa:n (diwan), wepa (wepa), ru:h (ruh), has (has), huku:k (hukuk)...

Pars sözlerinde: gamgy:n (gamgyn), nä:hoş (nähoş), a:wa:t (abat), di:wa:r (diwar), do:st (dost), hi:ç (hiç) tä:ze (täze), ja:n (jan)...

Rus diliniň fonetik kanunlaryna laýyklykda basymly aýdylýan bogundaky çekimli sözüň haýsy bognunda ýerinde gelýändigine garamazdan, şol sözdäki basym düşmeýän beýleki çekimlilere garanda mydama uzyn aýdylýar. Rus alynma sözleriniň düzümindäki kombinator häsiýetli bolmadyk uzyn çekimliler türkmen edebi aýdylyş normalaryny berjaý edip bilýän türkmenleriň sözleşiginde öňki ýagdaýlaryny, esasan saklaýar: silos, atom, metod, raýon, optimist, depo...





Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет