Zoonimika (gr. “zoon” – haỳwan, “onyma” – at) leksikologiýanyň bir bölüm bolup, haýwan atlaryny öwredýär.
Gidronimika (gr. “hydor” – suw, “onyma” – at) leksikologiýanyň bir bölümi bolup, derýalaryň, deňizleriň, suw bilen baglanyşykly ýerleriň atlaryny öwredýär.
Etimologiýa (gr. “etimologia < etimon” – hakykat, esasy many + “logos” – ylym )leksikologiýanyň bir bölümi bolup, sözleriň gelip çykyşyny öwredýär.
Semasiologiýa (gr. “semasia” – many, “logos” – ylym) leksikologiýanyň bir bölümi bolup, sözleriň we aňlatmalaryň manysyny we olaryň üýtgeýşini öwredýär.
Semasiologiýa bölüminde sözleriň manysynyň ösüşi derňelýär, sözüň manysynyň üýtgemegi, giňelmegi, daralmagy, täze mana geçmegi we ş.m. öwrenilýär. Şonuñ ýaly hem, bu bölümde sözleriň köpmanylylygy, ononimler, omograflar, omofonlar, paronimler, sinonimler, antonimler we beýlekiler barada giňden maglumat berilýär.
Türkmen diliniň leksikologiýasynyñ wezipesi häzirki zaman türkmen diliniň leksikasy hakynda giňişleýin ylmy maglumat bermekden, sözlük düzümiň many hem ulanylyş aýratynlyklaryny yzygiderli we ylmy esasda öwrenmekden ybaratdyr. Bulardan başga-da, “abstrakt leksika” diýen termin hem ulanylýar. Ol maddy manysy bolmadyk sözleri öz içine alýar. Abstrakt leksika dar manyda atlara degişli maddy mansy bolmadyk sözleri aňladýan bolsa, giň manyda ol maddy manysy bolmadyk sypatlary (“ýagşy, oňat, akylly, düşünjeli, ukyply, ahlakly päkize”), işlikleri (“söýmek, ýigrenmek, aldamak, hyýal etmek”) hem öz içine alyp biler, çünki şol söz toparlaryndan abstrakt manyly at ýasamak mümkindir: “ỳagşy – ýagşylyk, erbet – erbetlik, söý – söýgi, ýigren – ỳigrenç” we ş.m.
Ýörite leksika bolanda, adamlaryň zähmet bölünişigi bilen baglanyşykly ulanylýan leksika düşünilýär. Bu leksika umumyhalk dilinde giňden ulanylmaýar. Şonuň ücin hem ýörite leksikadaky sözleriň birtoparyna şol ugurda işlemeýän adamlaryň düşünmezlikleri hem mümkin. Ýörite leksika terminler (adalgalar) hem professional (kesp-kär) sözler degişlidir.
“Leksikalaşma” diýen termin hem ulanylýar. Söz düzümleriniň, analitiki işlik formalarynyň, hatda käbir sözlemleriň bir sözüň ekwiwalenti hökmünde ulanylmagyna leksikalaşma diýilýär. Meselem: “Seniň “bäri geliň” gutarmady-la”. “Bizem “gel bäri” etjek bolýarys”. “Gelniň “geldi-geldisi”, ogluň “boldy- boldusy”.
Bularyň birnäçesi bütinleý atlara hem geçip gidýärler. “Doýmadym” iki manyda gelip biler.
1. “Doýmadym” (sözlem).
2. “Amyderýa Doýmadyma (Aral) guýýar”.
Birinji mysalda “Doýmadym” – sözlem, ikinji mysalda ol at bolup gelýär. Asly sözlemlerden dörän atlar türkmen dilinde örän köpdür: “Gündogdy” (
Leksika grekçe “leхikos”sözünden bolup, “söz”, “sözlük” diyen manylary aňladýar. Ol birnäçe manyda ulanylýar.
Diliň sözlük düzümine leksika diýilýär. Ulanylyş ulgamy boýunça belli bir ugurda peýdalanylýan sözleriň jemine hem leksika diýlip aýdylýar. Meselem: “sözleýiş diliniñ leksikasy, ýazuw diliniň leksikasy, durmuşy leksika, jemgyýetçilik-publisistik leksika, ylmy leksika, önümçilik-tehniki leksika, resmi iş leksikasy, harby leksika, umumyhalk leksikasy, dialekt leksikasy, professional leksika, terminologik leksika, argotik leksika, ekzotik leksika, aktiw leksika, täze dörän leksika”.
Gelip çykyşy bilen baglanyşykly sözleriň jemine hem leksika diýlip aýdylýar: “gadymy türkmen leksikasy, gadymy türki leksika, alynma leksika, internasional leksika”.
Diliň sözlük düzümindäki stilistik maksatlar üçin ulanylýan sözleriň toparyna hem leksika diýlip aýdylýar: “bitarap leksika, duýguly leksika, täsirli leksika, belent (göçgünli) leksika, şahyrana leksika, ýönekeý gepleşik leksikasy, wulgar (haýasyz, gödek) leksika, familỳar (edepsiz, ýuwnuksyz) leksika”.
Edebi ugurlaryň, aýry-aýry çeper eserleriň, ol ýa beýleki ýazyjynyň ýa-da aýry-aýry adamlaryň dillerindäki ulanan sözleriniñ toplumyna hem leksika diýilýär: "nusgawy leksika, romantiki leksika” we başgalar.
Şularyň hemmesi birigip, türkmen diliniň leksikasyny emele getirýär. Ol leksika özüniñ baýlygy, täsirliligi, duýgulylygy, ötgürliligi hem obrazlylygy bilen eşideni aňk edỳär. Maksat diliň söz baýlygyndan ussatlyk bilen peýdalanyp bilmekden ybaratdyr79.
Umuman alanymyzda, türkmen dil biliminde lesikologiýa barada ýokardaky ýaly barlaglarda giňişleýin düşünje berilendigini aýratyn belläsimiz gelýär.
Soraglar we ýumuşlar
1. Türkmen diliniň sözlük düzümi nahili baýlaşypdyr?
2. Umumytürki sözler diýip nämä düşünyärsiňiz?
3. Özleşdiren sözlerimiziň taryhy sebäplerini düşündiriň.
4. Türkmen diliniň öz sözleri diýip nämä düşünýärsiňiz? Olar söz ýasalyşyň haýsy tärleri arkaly ýasalýarlar?
Достарыңызбен бөлісу: |