Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет63/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   119
1. Taryhy leksikologiýa,

2. Teswiri leksikologiýa.

Taryhy leksikologiýa diliň sözlük düzümini taryhy esasda öwrenýär.

Teswiri leksikologiýa sözleriň manysyny, stilistik aýratynlyklaryny, sözlük düzüminiň möçberini hem gurluşyny häzirki bolşunda teswir edýär.

Türkmen dilinde käbir sözleriň manysy örän giňelipditr. Mysal üçin, “ỳer” sözi “Ỳer togalagyny” görkezmekden başga-da, telim manyda ulanylýar: “Hemmesine ýer tapyldy”. “Ýeriň bireýýäm salyndy”. Birinji mysalda “ýer” sözi bir zady goýmak, saklamak üçin ulanylýan meýdan, boşluk, giňişlik. Ikinji mysalda bolsa “ýer” sözi ýorgan-düşek sözlerini çalşyryp gelýär.

Leksikologiýa öwrenýän pudaklaryna garap birnäçe topara bölünýär: Toponimika (gr. “topos” ỳer, “onyma” – at ) leksikologiýanyň bir bölümi bolup, ýer-ýurtlaryň atlaryny öwredýär.

Etnonimika (gr. “ethnos” – halk, “onyma” – at) leksikologiýanyň bir bölümi bolup, halklaryň, taýpa-tireleriň atlaryny öwredýär.

Onomastika (gr. “onomastikos” – ada degişli) leksikologiýanyň bir bölümi bolup, has atlar baradaky ylymdyr.

Antroponimika (gr. “anthropos” – adam, “onyma” – at) dil biliminiň bir bölümi bolup, adam atlaryny öwredýär.



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет