Soraglar we ýumuşlar
1. Sözler many mynasybetleri taýdan nahili toparlara bölünýärler?
2. Leksik we frazeologik omonimleriň tapawudyny düşündiriň.
3. Sinonimleriň görnüşleri, döreýiş ceşmeleri, stilistik hyzmaty hakda nameleri bilýärsiňiz?
2.6. TÜRKMEN DILINDE ANTONIMLER
Meýilnama:
1.Antonimler hakynda maglumat
2.Türkmen dilinde antonimlerin döreýiş çeşmeleri.
3. Sypatlaryň antonim bolup gelişi
Daýanç düşünjesi: antonimler, türkmen dilinde antonimleriň döreýiş çeşmeleri, sypatlaryň antonim bolup gelişi barada maglumat.
«Antonim (gr. anti – garşy, onyma – at) manylary gapma-garşylykly bolan sözleri aňladýar. Antonim sözleriň manysynda hil alamatynyň gapma-garşy goýulmagy arkaly ýüze çykýar. Antonimleriň sypatlaryň arasynda köpräk duş gelýänligi hem şunuň üçindir89».
Antonimler-garşylykly manyly sözlerdir. Antonimler durmuşyň dürli ugurlary boýunça duş gelýärler:
1. Adamyň durmuşy bilen baglanyşykly antonimler: sag–kesel, ýaş–garry, öli–diri, çalt–haýal, baý–garyp, gülmek–aglamak, dok–aç, arassa–hapa we ş.m.
2. Wagt bilen baglanyşykly antonimler: gije–gündiz, ertir–agşam, ir–giç, gyş–ýaz, öň–soň, owal–indi we ş.m.
3. Tarap we giňişlik bilen baglanyşykly antonimler: ilerik–gaýrak, ýokary–aşak, gündogar–günbatar, ýakyn–uzak, giň–dar, öň–yz, öň–art we ş.m.
4. Tebigat hadysalary bilen baglanyşykly antonimler: sowuk–yssy, ýagty–garaňky, ýaz–gyş, gije–gündiz we ş.m.
Antonimler çeper edebiýatyň dilinde çeperçiligiň esasy serişdeleriniň biridir. Az söz arkaly köp many bermek bilen kontrast obrazlar döredilýär. Kontrast obrazlar degşirmek arkaly beýan edilende, pikir ýiti, ötgür, täsirli hem-de aýdyň bolýar.
Türkmen dilinde atalar sözüniň, nakyllaryň leksik sostawyna syn edilse, güýçli manylylygyň kontrast obrazlar arkaly döredilýändigini görmek bolýar.
Antonimleriň söz toparlaryna gatnaşygy. Antonimler esasan atlarda, sypatlarda, işliklerde duş gelýär.
Достарыңызбен бөлісу: |