Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет86/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   119
Sypatlaryň antonim bolup gelişi:

Ak ýüzüne gara zülpün ýaýypdyr.

Sypatlarda duş gelýän antonimleriň köplenç sypatlandyrýan sözleri taşlanyp ulanylýar. Beýle ýagdaýda olar at rolunda ulanylýarlar. Meselem:

Dokuň açdan habary ýok

Uly başlar, kiçi işlär



2.Işlikleriň antonim bolup gelişi:

Işliklerdäki antonimler, esasan, dinamik häsiýetli işliklerdir. Garşylykly many hereketde ýüze çykýar. Meselem, gül–agla, ýan–sön, aç–ýap, gel–git, otur–tur we ş.m.



3.Atlarda antonimleriň ulanylyşy türkmen dilinde özboluşly häsiýete eýedir. Umuman has atlaryň konkret atlaryň dilinde antonimii bolmaýar. Sözlerde antonimlik şol sözleriň komponentleriniň manysyndaky häsiýet, hal–ýagdaý, hil, mukdar, wagt we giňişlik ýaly düşünjeler bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Meselem:

Kimsäge toý–baýram, kimsäge zulum,

Sen bir şa sen, men–geda, hyzmatyňda durup men (Kemine)

Antontonimleriň döreýiş çeşmeleri. Türkmen diliniň sözlerinden hasyl edilen antonimler. Bu topara girýän antonimleriň iki sözi–de türkmen sözlerindendir. Beýle antonimleri hasyl edýän komponentleriň ikisi–de bir söz toparyna degişli bolýar:



Ýagşy haýsy, ýaman haýsy bilinmez

Ogry ärden bir dogry it ýagşydyr

Indii onuň baryn ýogun deň bildim

Aşyk aýdar azda–kände pähmiň bar (Magtymguly)



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет