Soraglar we ýumuşlar
1. Gepleýşiň fonetik birlikleri hakynda maglumat beriň.
2. Fraza diýende nämä düşünýärsiňiz?
3. Bogun hakynda aýdyp beriň.
4.Ses diýip nämä aýdylýar?
1.3. AKUSTIKA BARADA DÜŞÜNJE.
TEBIGATDAKY SESLER WE SÖZLEÝIŞ SESLERI
Meỳilnama:
1.Akustika barada düşünje.
2.Owaz we galmagallygyň emele gelişi.
3.Akustikanyň hil taýdan tapawutlanyşy.
4.Akustikanyň mukdar taýdan tapawutlanyşy.
Daýanç düşünjeleri: akustika barada düşünje, owaz we galmagallygyň emele gelişi, akustikanyň hil taýdan tapawutlanyşy barada düşünje, akustikanyň mukdar taýdan tapawutlanyşy barada maglumat.
Dil biliminden mälim bolşy ýaly, tebigatda döreýän dürli sesleriň teoriýasy bilen fizika predmetiniň akustika bölümi meşgullanýar. Akustika – grekçe akustikos – «eşidilmek» diýen sözden gelip çykypdyr. Akustikanyň nukdaýnazaryndan islendik ses dürli jisimleriň yrgyldysynyň, titremesiniň netijesi bolup durýar. Haýsy hem bolsa bir jisime başga zadyň täsir etmegi bilen ol yrgyldaýar. Yrgyldylar – titremler howa giňişligi arkaly tolkun görnüşde gulaga ses bolup eşidilýär. Howasyz ỳa–da başga ýaýradyjy giňişlik, sreda ýok ýerinde ses tolkunlary ýaýrap bilmeýär. Jisim yrgyldamadyk wagtynda hem ses döremeýär. Diýmek, sesiň emele gelmegi we ýaýramagy üçin howanyň we jisimiň yrgyldysy zerurdyr28.
Belli dilşynas alym M.Hudaýgulyýew yrgyldylary häsiýeti boýunça iki hili29 görnüşiniň bardygyny belleýar we olar barada şeýle maglumatlary getirýär:
Yrgyldylar sazlaşykly, kadäly, birsydyrgyn bolýar. Şu ýagdaýda owaz emele gelýär, muňa saz gurallarynyň kirşiniň rejeli yrgyldysy, adamyň owaz perdeleriniň sazlaşykly titremeginiň netijesi mysal bolup biler.
Yrgyldylar sazlaşyksyz, kadasyz gaýtalanýar, şunda bolsa galmagal döreýär, muňa ýeliň, suw tolkunlarynyň we başga hili predmetleriň kadasyz titremeginiň netijesi mysal bolup biler.
Şeýlelikde, sesler owaz we galmagal görnüşde ýüze çykýar. Owaz we galmagal gepleýiş seslerine hem degişlidir: öýkenden gaýdýan howa akymynyň zarbyna bogazdaky dartgynly, biri–birine gapyşyp duran owaz perdeleriniň kadäly titremegi netijesinde döreýän sap owzlar çekimli sesler görnüşde ýüze çykýar. Howa akymynyň ugrunda dürli böwetleriň emele gelmegi bilen döreýän galmagallar dymyk çekimsizler (ç, f, h, k, p, s, ş, t) görnüşde ýüze çykýar.
Owaz bilen galmagal gatyşanda, açyk çekimsizler (b, d, g, j, z’, l, m, n, ň, r, w, ý, z) görnüşde ýüze çykýar. Akustka sesleri dürli alamatlar esasynda biri–birinden tapawutlandyrýar.
Достарыңызбен бөлісу: |