Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет8/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   119
Sӧzleýiş örümi (takty). Sözleýiş örümi fonetik sözden hasyl bolýar. Fonetik sözüň esasy aýratynlygy bir basym bilen aýdylmagydyr. Munuň bir sözden ýa-da bir basym bilen aýdylýan iki sözden ybarat bolmagy mümkin22. Bu pikire ýakyn bolan M.Hudaýgulyýewiň: «Her bir gepleýiş takty özbaşdak basymy bolan material manyly söze barabar gelýär, sebäbi bir takta girýän sesler fonetik taýdan bir basym arkaly özara birigýärler»23 – nazary pikirleri hem dogry.

Bogun. Türkmen dilinde bogun we bogun galyplary hakynda A.Nurmuhammedowyň «Türkmen dilinde sӧzüň bogun gurluşy» (Aşgabat, 2005) atly monografiýasynda şeýle pikirleri orta atýar: «Dil gurluşynyň iň möhüm meseleleriniň biri bogundyr24. Ol sözüň böleklere bölünişiniň bir elementi hökmünde ähli diller üçin mahsus we umumy (unwersal) meseledir. Şeýle-de bolsa, sözüň bogna bölünişi we onuň görnüşleri her diliň öz fonetik, morfologik gurluşlaryna laýyklykda amala aşyp, öz aýratynlyklary bilen ýüze çykýar.

Bogun fonetik hadysa, şunuň bilen bir wagtda, ol diliň morfologik gurluşy, dürs ýazuwy (orfografiýasy) we dürs aýdylyşy (orfoepiýasy) bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr»25 .

Şеýlelikde, türkmen dili, özbek dili, garagalpak dillerinde sözüň bogna bölünişi we onuň görnüşleri şu dilleriň öz fonetik, morfologik gurluşlaryna laýyklykda emele gelýär.

Bognuň gurluşy babatda gürrüň edende A.Nurmuhammedowyň «Bogun galyplary (tipleri, modelleri) kesgitlenende, adatça, çekimli we onuň öňünden hem-de yzyndan gelen çekimsizleri hasaba alynýar. Şonda boguna gatnaşýan çekimliniň-de, çekimsizleriň-de hil we mukdar aýratynlyklary göz öňünde tutulmazdan, olar umumy ýagdaýda nygtalýar. Şeýlelik-de, bognuň çekimli we çekimsiz sesleri şertli belgiler bilen (meselem, iňlis dilinde çekimli “V” – vocal, çekimsiz “C” – consonant, rus dilinde “Г”– гласный, çekimsiz “С”– согласный belgi bilen) bellenip, onuň ses gurluşyny dogry aňlatmaklyk öňden bäri ylymda däp bolup gelýär»26 – diýen pikirleri dogrudyr. Şeýle hem A.Nurmuhammedow türkmen dilinde sözleriň bogna bölünişiniň aýratynlyklaryny slawýan, roman, german dilleriniň materiallary bilen deňeşdirip, gaty gowy derňäp gӧrkezipdir.

Garagalpak dilinde bogun gurluşy taýyndan üҫ topara bӧlünýär. Olar aҫyk bogun, ýapyk bogun, iki ҫekimsiz sesiň ortasynda gelýän bogun gӧrnüşlerine bӧlünýär.

Ses. Ses gep agzalarynyň hereketi esasynda döredilýän, özbaşdak alnanda, hiç hili many aňlatmaýan, sözleýşiň in kiçi birligi bolsa, harp şol sesi ýazuwda görkezmek üçin alnan şertli belgidir. Bir sesi görkezmek üçin dürli dillerde, dürli ýazuwda, dürli şertli belgiler ulanylyp bilner27.

Umuman alanymyzda, gepleýşiň fonetik birliklerini türkmen we garagalpak dilleri bilen deňeşdirip seredenimizde olaryň biri-birine ӧrän ýakyndygy duýulýar.





Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет