Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет14/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   119
    Бұл бет үшін навигация:
  • Diafragma
Dem alyş apparaty. Bu – döş kapasasynda ỳerleşýän diafragmany, öýkeni, bokurdak şahalaryny, bokurdak şahajyklaryny hem-de bokurdagy öz içine alỳar. Dem alyş apparatyna girỳan her bir organ adam organizminiñ umumy işleýşinde özüne mahsus hyzmatlary ỳerine ỳetirmek bilen birlikde gepleỳiş sesleriniñ emele gelmegine hem aktiw gatnaşýar.

Öýken. Bu–organ sesin döremegi üçin material bolup hyzmat edỳän howany özüne ýygnaỳar hem-de ony diafragmanyñ komegi bilen ỳokarlygyna ugradỳar.

Bokurdak şahalary, bokurdak şahajyklary, bokurdak. Bular dem alyş ýoly bolup hyzmat edỳär. Öýkenden gaýdỳan howa akymy bokurdak şahalarynyň içi bilen geçip, bokurdaga gidỳän, bokurdakdan bogaza tarap gaỳdyp, agyz ýa burun boşluklaryndan çykyp gidỳär.




1.Galkan şekilli kitirdewük.

2.Ýüzük şekilli kitirdewük.

3.Bokurdak

4.Bokurdak şahalary.

5.Bokurdak şahajyklarynyň ujky pudaklary.

6.Öýken uçlary.

7.Öýken düýpleri


Diafragma – çee muskuldan ybaratdyr oña öýkeniñ iki bolegi hem direnip durỳar. Ol asuda ýagdaýynda ýokaryk gaýşaryp durýar. Içe howa çekilende ol gönelip – ỳazylyp gidỳär, daşary çykarylanda öñki asuda ỳagdaýyna gelỳär hem-de öýkene ýygnanan howany itekläp ỳokarlygyna çykarmaga kömek edỳar.

Gepleýiş seslerini hasyl etmekdäki dem alyş adatdaky dem alyşdan tapawytlydyr; asuda dem alyşda howanyň içe çekilişi we daşary çykarylyşy deñ wagt aralygynda bolup geçỳar, emma gepleỳiş sesleri hasyl edilendäki dem alyşda howanyñ içe çekilişi çalt–çaltdan daşary çykarylyşy bolsa haỳal, ýuwaş–ýuwaşdan amala aşyrylỳar.

Demiñ daşary çykarylyş güýji dinamiki basymyñ häsiỳetini şertlendirýär.

Bogaz – bokurdagyñ ýokarky gutarỳan ỳognas giñ bolegidir. Munuñ gurluşy örän çylşyrymlydyr. Bogazda ýüzük galkan şekilli we iki sany kiçijik susak şekilli kitirdewükler ýerleşýär.



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет