Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган


TÜRKMEN DILINDE SÖZÜŇ BOGUN GURLUŞY



бет49/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   119
1.9. TÜRKMEN DILINDE SÖZÜŇ BOGUN GURLUŞY

Meýilnama:

1.Türkmen dilinde bogun gurluşynyň öwrenilişi.

2.Bogun we onuň gurluşy barada.

3.Bognuň esasy görnüşleri (tipleri) we olaryň aýratynlyklary.

Daýanç düşünjesi: türkmen dilinde bogun gurluşynyň öwrenilişi, bogun we onuň gurluşy, bognuň esasy görnüşleri (tipleri) we olaryň aýratynlyklary barada maglumat.
T.Täçmyradow özbaşdak neşir etdiren fonetika baradaky kitabynda–da bogun, sözleri bogna bölmegiň ähmiýeti, bogun galyplary dogrusynda umumy düşünje berilýär51. Onda sözüň bogna bölünişiniň köp diller üçin umumy bolan we umumy bolmadyk düzgünleriniň bardygy, mysal üçin, iki çekimliniň arasynda gelýän çekimsiziň yzky bogna degişli bolmak düzgüniniň terkmen we rus dilleri üçin mahsusdygy (meselem, a–ta, e–ne, о–на, о–ни, э–то sözlerinde boluşy ýaly) bellenýär. Şunuň bilen birlikde, söz ortsynda gelen ýanaşyk iki çekimsiziň ikisiniň hem rus dilinde soňky bogna, emma türkmen dilinde ol hili çekimsizleriň birinjisiniň öňdäki bogna, ikinjisiniň yzka düşýändigi–de (meselem, rus dilinde тра–ктор, türkmen dilinde trak–tor bolşy kimin) dogry nygtalýar52. Bu kitapda söz bogny diliň basym, intonasiýa hadysalary bilen bir hatarda goýlup, oňa segmentüsti hadysa hökmünde nädogry garalýar53. A.Nurmuhammedowyň pikriçe, sözüň bogny segment birligidir. Çünki ol aýry-aýry sesleriň birikmeginden emele gelýär. Kitapda bognuň düzümindäki çekimli ses çekimsizlere garanda güýçli aýdylýar, şoňa görä–de ol bogun ýasaýjy sesdir diýlip hem-de açyk, ýapyk, örtükli, örtüksiz, basymly, basymsyz bogun görnüşleriniň bardygy bellenip, A.Annanurowyň, M.Hudaýgulyýewiň pikirlerine eýerilýär54. Onda türkmen sözlerinde 6 sany bogun galybynyň we rus dilinden geçen sözlerde–de 8 sany başga hili bogun galyplarynyň duş gelýändigi tablisada degişli mysallar arkaly düşündirilýär55.

G.Alparow bilen M. Geldiýewiň, M.Hydyrow bilen K.Begenjowyň, J.Amansaryýewiň, T.Täçmyradow bilen M.Hudaýgulyýewiň işlerinde bogun galyplary bogun görnüşlerinden (açyk, ýapyk, örtülen, örtülmedik bogunlardan) üzňe, aýratynlykda beýan edilýär. Emma A.Nurmuhammedow şeýle pikiri belleýär: «Aslynda olar aýry-aýry düşünjeler bolman, özara baglanyşykly, biri–birleriniň netijelerini tassyklaýan düşünjelerdigi göz öňünde tutulmaga degişlidir»56.

Bogun galyplary (tipleri, modelleri) kesgitlenende, adatça, çekimli we onuň öňünden hem-de yzyndan gelen çekimsizleri hasaba alynýar. Şonda boguna gatnaşýan çekimliniň–de, çekimsizleriň–de hil we mukdar aýratynlyklary göz öňünde tutulmazdan, olar umumy ýagdaýda nygtalýar. Şeýlelik–de, bognuň çekimli we çekimsiz sesleri şertli belgiler bilen (meselem, iňlis dilinde çekimli «V» – vocal, çekimsiz «C» – consonant,rus dilinde «Г»– гласный, çekimsiz «С»– согласный belgi bilen) bellenip, onuň ses gurluşyny dogry aňlatmaklyk öňden bäri ylymda däp bolup gelýär. S.Kürenow bolsa özüniň doktorlyk dissertasiýasynda bogun çekimlisiniň hiliniň üýtgemegi bilen, onuň fiziki häsiýetleriniň özgerýändigini we türkmen dilinde gysga çekimliler bilen bir hatarda uzyn çekimlileriň hem bardygyny göz öňünde tutup, bogun galyplarynyň umumy sanyny 6–dan 12–ä çenli aşakdaky ýaly görnüşlerde artdyrýar: 1)V(e–lek, o–lar); 2)V:(a:–dam, o:–dun); 3) VK(ak, ak–dy, el–lik); 4)V:K(a:k–dy, ö:r–dek); 5)KV(ga–lyp–dy, ö:r–de–giň, bize); 6)KV:(ga:–lyp–dy, tok–ly:–nyň);7)KVK(daş, gor, mekdepden);8)KV:K(da:ş, go:r, ga:ş–la–ry);9)KVKK(dürt–mek, gaýt–dy–lar);10)KV:KK(dö:rt – lük, gü–rt);11)VKK(aýt–dym, art);12)V:KK(a:rt)57 .

A.Nurmuhammedow bolsa, özüniň ««Türkmen dilinde bogun gurluşy» atly işinde «Ģekimlileriň hil aýratynlyklary bognuň gurluş taýdan tiplerini däl–de, çekimli fonemalary tapawutlandyryjy alamat boluphyzmat edýär. Şoňa görä bogun çekimlisiniň uzyn–gysgalygyny göz öňünde tutup, onuň galyplarynyň sanyny köpeltjek bolmagyň–da ähmiýeti ýok diýip düşünýäris»58 diýip belleýär. Sözleýişi öwrenmekde öňde durýan möhüm meseleleriň biri gep akymynyň böleklere (segmentlere) bölüniş esaslaryny anyklamakdan ybaratdyr. Sözleýişiň bogunlara bölünişi, meselem, onuň beýleki birliklerine – seslere, fonetik sözlere, sintagmalara, frazalara bölünişine garanda, örän çylşyrymly mesele bolup durýanlygy bilen häsiýetlenýär. Gep akymynda aýdylan fonetik sözleriň, sintagmalaryň, frazalaryň aralaryny bildirýän birnäçe durnukly fonetik alamatlary bolýar (dürli ölçegdäki pauzalar, esasy tonuň ýokarlanmagy ýa aşaklanmagy we ş.m.). Şolar esasynda–da sözleýişiň fonetik sözlere, sintagmalara, frazalara bölünýän çäklerini aňsatlyk bilen kesgitläp bolýar. Emma sözleýişiň bogunlara bölünişinde olaryň arasyny bildiridýän fonetik alamatlary saýgarmak her kime aňsat düşmeýär.

Sözleýişde bogun birliginiň bolmagy dilçi alymlaryň, fiziologlaryň, akustikleriň we beýleki alymlaryň ünsüni köp ýyllardan bäri özüne çekip gelýär. Olaryň fonetikanyň dürli meselelerine bagyşlap geçiren derňewleri, esasan, bognuň tebigatyny anyklamak, ol barada doly we dogry düşünje bermek, bogna bölünişiniň esaslaryny (prinsiplerini) kesgitlemek meselelerine gönükdirildi. Geçilen derňewleri maksatlary we gelen netijeleri boýunça iki topara bölmek mümkin: 1) bognuň ähli diller üçin umumy bolup biljek taglymatyny, kesgitlemesini işläp düzmek; 2) aýratyn bir dile mahsus bogun gurluşlaryny öwrenmek. Gös–göni bogun meselesine degişli birentek işlerde–de sözleýşiň bogna bölünişine we olaryň araçäklerine bognuň emele gelşi bilen baglanyşykly ýagdaýda seredildi.

Bogun barada alymlar dürli garaýyşlary orta atdylar. Garaýyşlaryň köpçüligi bognuň tebigaty, araçäkleri, bogna bölünişiň esaslary barada çuň we doly maglumat berýändigini aňladýar. Bu barada rus alymy P.S.Kuznesowyň dogry pikiri öňe sürendigi edebiýatda bellenýär. Onuň bognuň islendik diliň örän möhüm sözleýiş birligi bolup durýandygy, dünýäde gep akymy bogunlara bölünmeýän ýekeje diliň–de ýokdugy, bogun boýunça gazanylan ylmy çözgütleriň, şol birmeňzeş netijeleriň birentek kynçylyklara itekleýändigi, ähli diller üçin umumy bolan doly ylmy çözgüdiň häzire çenli tapylmaýandygy baradaky pikirleri59 bilen ylalaşmak mümkin.

Bogun taglymatynyň ösdürilişiniň bütin taryhynda ol mydama köp garaýyşly derňewleriň meselesi (obýekti) bolup geldi. Şol dürli garaýyşly derňewleriň netijesinde–de onuň sözleýişde köptaraply hyzmaty ýerine ýetirýändigi anyklanýar. Rus alymy R.K.Potapowa bognuň iki hili hyzmatynyň bardygyny belläp, ony, birinjiden, diliň we sözleýşiň ähli artikulýasion–akustiki maglumatlaryny, derejelerini özünde saklaýanbinýat (fundament) hökmünde, ikinjiden bolsa, sözleýişi amala aşyrýan hem-de ony eşitdirýän esasy birlik hökmünde häsiýetlendirýär60. Diňe bular hem däl. Bognuň sözleýişde ýerine ýetirýän hyzmatlary kändir. Onuň söz içinde barlygy, aýdylmagy esasynda sözleýişiň birlikleriniň dürli şertler bilen bagly üýtgeýiş derejelerini, emele gelişlerini anyklap bolýar., akustiki häsiýetlerini derňäp bolýar. Bu ýagdaý bognuň aýratynlykda däl–de, söz, sözlem sözlem çäginde aýdylyşynda mümkindir. Bogun dilde aýratynlykda ulanylmaýar, ol diňe sözleýişde ýüze çykýar. Gep akymynda bognuň aýdylyşy bilen, bir tarapdan, sözleýişiň dürli birliklerini: fonetik sözi, sintagmany, frazany tapawutlandyrmaga, olaryň arasynda çäk goýmaga we olaryň dürli sözleýiş şerti bilen bagly ýüze çykýan, özgerýän akustiki derejelerini kesgitlemäge mümkinçilik döreýär. Ikinji bir tarapdan, bogun ýokarky ýaly sözleýiş birliklerini birleşdirip aýtmaga, pikir aňlatmaga mümkinçilik berýär. Bognuň gatnaşmagy bilen sözleýişi manyly böleklere bölmek, olary diňleýjä düşnükli edipeşitdirmek mümkinçiligi hem emele gelýär. Sözde basymly we basymsyz bogunlaryň bolmagy bilen sözüň leksik manysy aýdyňlaşýar. Sözüň şol bir bognunyň basymy kabul edip–etmezligi bilen sözler, morfemalar tapawutlanýarlar. Şu ýagdaýlar bognuň sözleýişde uly ähmiýetiniň bärdygyny we köphyzmatly birlikdigini aňladýar.

Bogun diliň ses gurluşynyň möhüm we esasy meseleleriniň biridir. Ony görnükli alymlar sözleýişiň iň kiçi aýdylyş birligi hasaplaýarlar61. Sözler sözleýiş dowamynda artikulýasiýa taýdan aýry-aýry seslere däl–de, iň kiçi sözleýiş birligi hökmünde bogunlara bölünip aýdylýarlar. Sözleýiş düzgüni erksiz bozulan afaziýa şertinde–de, ýagny onuň belli bir sebäplere görä, böleklere nädogry bölünip aýdylyşynda–da bogundan kiçi seslere bölünmeýändigi edebiýatlarda nygtalýar62. Bogun iki, üç, dört ... sesden ybarat bolanda, onuň düzümine gatnaşýan sesleriň hemmesi özara jebis, ysnyşykly bütewi ýagdaýda aýdylýar. Gep agzalary olary birbada, bir artikulýasion hereket bilen hasyl edýär. Meselem, bir bogunly gal, gel, gol sözleriniň aýdylyşyna üns bereliň. Olaryň başynda we soňunda gelýän g, l çekimsizleriniň artikulýasiýasynda aktiw gep agzasy bolan dil bogun merkezini emele getirýän çekimliniň hiline – ýogyn–inçelik we dodaklanmak häsiýetlerine laýyk gelýän ýagdaýda bolup, oňa uýgunlaşyp, öňe yza hereket edýär. Mysal üçin, gal bognunyň aýdylyşynda, heniz onuň artikulýasiýasy başlanmaka, dil g çekimsizini hasyl etmek üçin, a çekmlisiniň täsiri bilen yza süýşýär, onuň arkasynyň tümmeren ýeri bolsa yzky kentlewüge degip, onuň ýogyn ses bilen aýdylmagyna sebäp bolýar. Gel bognundaky g sesiniň aýdylyşynda bolsa, e çekimlisiniň täsiri bilen, dil biraz öňe süýşýär, onuň arkasynyň tümmeren ýeri ortaky kentlewüge degip aýrylýar we g sesine inçelik, ýumşaklyk ýokundysyny berýär. Gol sözündäki g sesiniň aýdylyşynda–da dil, edil gal sözündäki (bogundaky) g çekimsiziniň artikulýatsiýasynda bolşy ýaly, yza çekilip, yzky kentlewüge galtaşýar, şunuň bilen birlikde o çekimlisiniň täsiri bilen dodaklyk ýokundysyny hem alýar. Ýokarky bogunlardaky g çekimsiziň artikulýasiýasynda ýanaşyk çekimlileriň täsiri bilen emele gelen özgerişler ol bogunlaryň soňunda gelen l sesi üçin hem degişlidir.

Bir bogunda aýdylan çekimli diňe ýanaşyk çekimsizlere täsir etmek bilen çäklenmän, özi hem olaryň täsirine düşýär. Muňa goşadodak w, b, m hem-de dilorta ý sonorlylarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolar. Goşadodak b, m, w çekimsizleri ýanaşyk çekimlä täsir edip, ony özüne ýakynlaşdyrýar, dodaklaşdyrýar. Muňa şarlawuk, daýaw, germew, Ä–new ýaly sözleriň gepleşikde şar–lo–wuk, da–ýow, ger–mew, Ä–nöw ýaly, käbir sözleriň (bitin – bütin, miň–müň, min–mün) iki hili aýdylyşlary mysal bolup biler. Dilorta ý çekimsizi ýogyn çekimliler bilen gelende, olary palatallaşdyrýar, ýagny olary inçe çekimlä öwürýär. Muňa bugdaý, ýagdaý, haýran ýaly sözleriň gepleşikde bug–deý, ýag–deý, heý–ra:n ýaly aýdylyşlary degişlidir. Bogundaky sesleriň artikulýasiýasynda emele gelen özgerişler olaryň akustiki häsiýetlerinde–de ýüze çykýar. Bir bogunda aýdylan çekimli bilen çekimsizleriň yrgyldylarynda meňzeşlik, ýakynlyk emele gelýär. Bogunda aýdylan çekimsiz bilen çekimliniň ýa, tersine, çekimli bilen çekimsiziň arasynda, ýagny bir sesden beýlekä geçiş pursatynda meňzeş ses yrgyldylarynyň emele gelýändigi üçin, olaryň araçägini ossilogrammalarda anyk bellemekde kä ýagdaýda kynçylyk hem çekilýär. Diýmek, bogundaky sesler özara jebis, ysnyşykly ýagdaýda aýdyly, diňe bir artikulýasiýa taýdan däl, akustiki taýdan hem biri–birlerine täsir edýär. Aýdylanlar bogundaky sesleriň umumylykda, bir artikulýasion hereket bilen hasyl edýändiklerine, bognuň–da sözleýiş birligidigine güwä geçýär. Bogundaky sesleriň özara we baglanyşykly ýagdaýda aýdylmaklary olaryň aýry-aýrylykdaky tebigy sesleriniň eşidilişiniň hem belli bir derejede üýtgemegine getirýär.

Bognuň esasy görnüşleri (tipleri, modelleri) diýlende, onuň çekimli bilen çekimsiz seslerden düzülen gurluş aýratynlyklary göz öňünde tutulýar. Türki dillerde bolşy ýaly, türkmen dilinde–de bogun ýeke–täk çekimliniň özünden hem, çekimsizleriň çekimlä dürli ýagdaýda – onuň öňünden, soňundan ýa iki tarapyndan goşulyp gelmegi bilen hem ýasalyp bilýär. Türkmen dilinde bogun bir sesiň özünden (e–ne, u–ly), iki sesiň (çekimli bilen bir çekimsiziň – al, el, me), üç sesiň (çekimli bilen iki çekimsiziň – bar, ber, gel, aýt) we dört sesiň (çekimli bilen üç çekimsiziň – kyrk, dört) birleşmeginden emele gelip bilýär. Türkmen dilinde dört sesden artyk bogun gurluşy duş gelmeýär.

Söz bogunlarynyň emele gelşinde çekimli we çekimsiz sesler özara belli bir tertip, düzgün bilen birleşýär. Başgaça aýdylanda, olaryň bogunda özara ýerleşiş tertipleri bolýar. Adatça, ähli dillerde birnäçe sesden ybarat bognuň içinde gulaga has oňat, güýçli eşidilýän owazly ses onuň esasyny – merkezini emele getirýär. Türkmen dilinde şeýle hyzmaty diňe çekimliler ýerine ýetirýär. Çekimsizler bolsa onuň töweregine tabyn ýagdaýda birleşýärler. Bu dilde çekimsizler çekimliniň öňünden we soňundan goşulyp, bognuň başlanýan hem-de gutarýan çäklerini görkeziji bolup hyzmat edýär. Anyklaşdyryp aýdylanda, eger çekimsiz ses çekimliniň öňünden birigip gelse, bognuň başlanýan ýerini, onuň yzyndan gelse, bognuň gutarýan çägini görkezýär. Mysallara syn ediň: bu,şu, ma:–ma, bi:–bi, at, ol, i:ş, bar, gel, bar–mak, gur–şun, sür–gün, berk, ber–ke, berk–lik we ş.m.

Çekimsizleriň çekimliniň öňünden, soňundan ýa iki tarapyndan gelip – gelmezligi belli bir fonetik şertlere baglylykda amala aşýar. Ol şertler sözüň ses taýdan gurluş mukdaryna, diliň bogun gurluşyna, bognuň–da sözüň haýsy ornunda – başynda, ortasynda we soňunda gelşine baglydyr. Diliň sözlerinde çekimlileriň dürli çekimsiz bilen utgaşyp gelýän bogun görnüşleri mukdar taýdan örän köpdür, emma onuň esasy görnüşleri gaty az sanlydyr.

Bognuň gurluş taýdan görnüşlerini kesgitlemek üçin, adatça, onuň düzümindäki çekimli we çekimsiz sesleri aňladyjy harplardan ýa-da olara derek ulanylýan başga hili şertli belgilerden peýdälanylýar. Mysal üçin, G.Alparow bilen M.Geldiýewiň işlerinde bognuň çekimlisi üçin kese çyzyk ( – ), çekimsizleri üçin dik çyzyk (/) ulanylyp, bogun galyplarynyň aňladylandygyny ýatlamak bolar. Şu hili belgileri başga alymlar hem işlerinde ulandylar. M.N.Hydyrow bilen K.Begenjowyň «Fonetikalarynda» bolsa, ýokarkylaryň tersine, bognuň çekimlisi üçin dik çyzyk (/), çekimsizi üçin hem kese çyzyk (–) ulanylyp, bogun galyplary görkezilýär.

Umumy dil bilimine degişli edebiýatlarda bogun görnüşlerini aňlatmakda, köplenç, onuň çekimlisi üçin V (vokal sözüniň birinji harpy), çekimsizleri üçin–de C (consonant sözüniň ilki harpy) ulanylýar. Rus dilindäki edebiýatda, köplenç ýagdaýda, Г (гласный sözüniň birinji harpy) we С (согласный sözüniň ilki harpy) harplary arkaly bogun tipleri aňladylýar. Käbir işde bognuň gurluş taýdan esasy görnüşini (tipini) aňlatmak üçin onuň çekimlisine derek «A» harpynyň, çekimsizine derek hem «B» harpynyň şertli ýagdaýda ulanylyşy duş gelýär.

Türkmen diliniň fonetikasyna degişli neşir edilen işlerde, bize mälim bolşy ýaly, «bogun galyplary» we «bogun görnüşleri» diýen düşünjeler biri –biriniň deregine ulanylyp gelindi diýmek bolar. Ol düşünjeler bir zat – sinonim däl. Häzirki işde umumy dil biliminde öňe sürülen we ykrar edilen ýörelgelerden ugur alynýar. Şeýlelikde, bognuň esasy görnüşi (bogun tipi) diýlip has iri, esasy we düýp bölünişige, «bogun görnüşi» diýli–de onuň çäginde emele gelýän kiçi, goşmaça bölünişiklere (podtiplere) düşünilýär. Şeýle çemeleşilende, bogunlar özleriniň has aýdyň we dogry häsiýetlendirilmesine eýe bolýar.Bogunlar dil biliminde çekimsiz sesiň çekimliniň öňünden, ýa soňundan, ýa-da iki tarapyndan gelip–gelmezligine esaslanyp tapawutlandyrylýar. Olar, öňi bilen, çekimsiz sesiň çekimliniň yzyndan gelip–gelmezligine garap iki topara bölünýär. Çekimli sese gutarýanlara açyk bogun, çekimsize gutarýanlara–da ýapyk bogun diýlip at berilýär. Açyk bognuň–da iki tipi bellenýär: 1) doly açyk bogun we 2) örtülen* açyk bogun. Eger bogun ýeke çekimli sesiň özünde durýan bolsa, oňa doly açyk bogun (a–ta, e–ne, u–ly, i–ki sözleriniň birinji bogunlary), onuň öňünden çekimsiz ses gelse, oňa–da örtülen açyk bogun (ýokarky sözlerdäki «–ta, –ne, –ly, –ki» bogunlary) diýilýär. Ýapyk bognuň hem iki görnüşini bellemek mümkin: 1) doly ýapyk bogun we 2) örtülmedik ýapyk bogun. Eger bogun emele getiriji çekimliniň iki tarapynda–da (öň we yz gapdälynda) çekimsiz ses bar bolsa, oňa doly ýapyk bogun diýilýär. Meselem, gyş, bar–mak, tel–pek, kiş–miş sözleriniň bogunlary muňa mysaldyr. Eger–de bogun çekimli bilen başlap, çekimsize gutarsa, oňa örtülmedik ýapyk bogun diýilýär. Şu hili nukdaýnazardan çemeleşilende, türkmen diliniň bogun gurluşynyň dört sany esasy görnüşiniň (tipiniň) bardygy mälim bolýar. Çekimli sesleri V (wokal), çekimsizleri K (konstant) harplary bilen belgilenýär. Olar:




  1. Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет