Soraglar we ýumuşlar
1.Türkmen dilinde bogun gurluşynyň öwrenilişi barada gürrüň beriň.
2.Bogun we onuň gurluşy barada gürrüň beriň.
3.Bognuň esasy görnüşleri (tipleri) we olary aýratynlyklary barada nämeleri bilýärsiňiz
1.10 TÜRKMEN DILINDE SÖZ BASYMY
Meýilnama:
1.Türkmen dilinde söz basymynyň öwrenilişi.
2.Basymyň ornunynyň söz toparlaryna bolan gatnaşygy.
3.Basymy kabul etmeýän goşulmalar we ownuk bölekler.
4.Türkmen edebiýatynda basym derejeleriniň görkezilişi.
Daýanç düşünjesi: türkmen dilinde söz basymynyň öwrenilişi, basymyň ornunynyň söz toparlaryna bolan gatnaşygy, basymy kabul etmeýän goşulmalar we ownuk bölekler, basym derejeleri we olaryň öwrenilişi barada maglumat.
Türkmen dilinde söz basymy hakynda bir näçe işler edilip gelinýär. Olardan A.Annanurowyň «Diliň sözlük sostawy xakynda». (Aşgabat, 1961), A.Geldimyradowyň «Türkmen edebi dilinde wariantlaşma». (Aşgabat, 1983), M.N.Xydyrowyň «Türkmen diliniň taryxyndan materiallar». (Aşgabat, 1962), ýaly ylmy işleri görkezmek bolar. Bulardan başga–da Garaşsyzlyk döwründe ýörite bu boýunça A.Nurmuhammedowyň «Türkmen dilinde söz basymy» (Aşgabat, 2012) atly monogafiýasy möhüm çeşme bolup hyzmat edýär. Onda esasanda söz basymy, onuň sözlerdäki orny, fiziki häsiýetleri, sözleri guramakdaky, morfemalary tapawutlandyrmakdaky, sözleriň ortasynda çäk goýmakdaky hyzmatlary aýdyňlaşdyrylýar.
XX asyryň ikinji ýarymynda ylmyň güýçli depgin bilen ösmegi, täz–täze tehniki serişdeleriň, şol sanda ses ýazýan we ony arassa, dury görnüşde eşitdirýän, daş aralyklara–da düşünkli edip berip, ýetirip bilýän elektrotehniki enjamlaryň, elektron hasaplaýjy gurallaryň, kompýuterleriň we ş.m.peýda bolmagy hem-de olaryň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy ylmyň ähli ugurlarynyň, şol sanda dil biliminiň–de öňe gitmegine itergi berdi. Onuň täsiri bilen dil biliminiň täze bir ugry, ýagny ekspermental fonetika ugry kemala geldi we durmuşa ornaşdy. Häzirki wagtda aýry-aýry dil seslerini, baglanyşykly sözleýişi arassa ýazyp, eşitdirip bilýän we olaryň fiziki yrgyldylaryny şol boluşynda dury şöhlelendirip, surata düşürip bilýän tehniki serişdeleriň kömegi arkaly fonetika ylmy eksperimentiň, palatografiýa, rentgenografiýa, ossilografiýa, spektpografiýa we kompýuter usullaryndan giňden peýdälanylýar65. Türki dilleriň fonetik gurluşyny tehniki serişdeleriň kömegi bilen öwrenmäge geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda girişildi. Şol ýyllarda ilkinji bolup tatar diliniň sesleriniň emele geliş orunlaryny eksperimentiň palatografiýa usuly bilen, sözleriniň aýdylyşyny bolsa kimografiýa, derňemek Kazan uniwersitetiniň alymlary prof. W.A.Bogorodiskiniň66 we Gamiljan Şarafyň67 paýyna düşýär. Olar eksperimental barlaglaryň netijelerini makalalarynda beýan etdiler. Olaryň işleri diňe bir tatar dil bilimi üçin däl,tutuş türkologiýa ylmy üçin hem ilkinji tejribeler höküminde ähmiýetlidir. Şeýlelikde, prof. Bogorodiskiniň, G.Şarafyň eden işleri türki dilleriň fonetikasynyň meselelerini ekspermental–fonetik esasda derňemegiň başlangyjy boldy. Bularyň yzysüre irki edilen derňewlerden R.O.Şoruň68 we prof. A.P.Poseluýewiskiniň69 işlerini ýatlamak bolar.
Geçen asyryň ellinji ýyllaryndan soň tehniki ösüşiň öňe gitmegi bilen türki dilleriň fonetik gurluşynyň meselelerini eksperimental usul arkaly öwrenmeklik has giň gerim aldy.Şu döwürde türki döwletleriň köpüsiniň merkezinde özbaşdak işleýän eksperimental–fonetika laboratorýalary döredilip,olarda meýilnamalaýyn esasda ylmy–derňew işleri amala aşyryldy. Netijede, fonetika – fonologiýa derňewleriniň çäksiz artdyrylmagy bilen türkologiýa ylmy,şol sanda türkmen dil bilimide özüniň ösüş taryhynda hil taýdan täze bir döwre aýak basdy.5Islendik dilde sözleýişiň segment böleklerini (biri–biriniň yzyndan hatarlanyp gelýän sözleýiş birliklerini (seslerini,bogunlaryny,sözlerini) we segmentüsti (надсегмент, суперсегмент) birlikleri tapawutlandyrmak zerurlygy ýüze çykýar.
Şu ýerde segment we segmentüsti diýen düşünjeleri ilkinji gezek ulanýandygymyz üçin olara düşünip geçmek zerur. Segment birligi diýilende, üznüksiz amala aşyrylýan sözleýişiň yzygider ýerleşýän bölekleri–aýry-aýry sesler, bogunlar, sözler, sözlemler göz öňünde tutylýar. Ýazuwda olar harplar görnüşinde, ossilografik, spektrografik ýazgylarda bolsa yrgyldylar görnüşinde duş gelýär.
Sözleýşiň basym, intonasiýa ýaly birlikleri segmentüsti (надсегментный) serişde hasaplanýar. Bular öz häsiýetlerini sesleriň fiziki komponentleriniň (esasy tonuň ýygylygynyň, güýjüniň we dowamlylygynyň) üstüne siňdirmek, olara täsir etmek bilen özleriniň barlygyny bildirýär hem-de dilde degişli hyzmatlary ýerine–ýetirýärler. Segmentüsti serişdeler segment birliklerinden–seslerden, bogunlardan düýpli tapawutlanýar. Olar dilde özbaşdak ýaşap hem, aýratynlykda aýdylyp hem bilinmeýärler. Eger biz segment birliklerini–seslerini, bogunlary aýry-aýrylykda aýdyp, eşidip we ýazyp bilýän bolsak, segmentüsti serişdeleri – basymy hemde intonasiýany özbaşdak aýratynlykda aýdyp bilmeýäris. Olar ses görnüşinde dilde ýaşamaýar. Şoňa görä basym we intonasiýa hemişe dilde sesler bilen bilelikde,goşulyşýan ýagdaýda,bitewilikde aýdylýarlar70. Segmentüsti birlikleriň esasy alamatlary sözleýişiň belli bir böleginiň nygtalyp, mese–mälim güýçlendirilmegi bilen,şol sanda esasy tonuň belentliginiň birden üýtgemegi (ýokarlanmagy ýa aşaklanmagy),bir bölegiň,beýlekä garanda, güýç we dowamlylyk boýunça tapawutlanmagy, sözleýişiň belli–belli ýerlerinde arakesmäniň (pauzanyň) emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýär.
XX asyryň ikinji ýarymynda türki dilleriň söz basymy türkologlaryň uly toparynyň ünsüni özüne çekdi. Olaryň bu ugurda eden işleri sanardan kändir. M.Rýasýaneniň, U.Ş.Baýçuranyň, W.D.Arakiniň umumy türki dilleriň söz basymyny, E.W.Sewortýanyň türk diliniň N.A.Baskakowyň garagalpak diliniň, A.N.Konanowyň özbek diliniň, F.G.Ishakowyň tatar diliniň, S.K.Kenesbaýewiň gazak diliniň, T.Talypowyň uýgur diliniň we ş.m. söz basymyny öz hususy syn etmekleri esasynda beýan edendiklerini aýtmak bolar. Olaryň hemmesi türki dillerde dinamiki basymyň bardygyny ykrar edýärler.
M.H.Hydyrowyň we K.Begenjowyň «Fonetikalarynda» basyma ýörite bölüm berilýär, şeýle–de ol barada giňräk durup geçilýär. Onda basym diýlip «sözdäki bogunlaryň haýsyda bolsa biriniň,beýlekilere garanda,belendiräk güýç bilen,çekimlisiniň batlyrak aýdylmagyna»71 düşünilýär. Işde basymyň, esasan sözüň ahyrynda bolýandygy nygtalýar. Şonuň bilen birlikde, onda söze goşulýan goşulmalaryň basymly we basymsyz aýdylýandygyna garap, olar iki topara ýagny
1) basymy öz üstüne geçirýän:
2) basymy öz üstüne geçirmeýän:
goşulmalara bölünip görkezilýär72.
Kitabyň awtorlary türkmen dilinde basymy öz üstüne geçirýän (kabul edýän) goşulmalaryň köpdügini, emma basymy öz üstüne geçirmeýänleriň az duş gelýändigini nygtap, soňkylara degişli ondan gowrak goşulmalaryň sanawy berýärler. Olar I.A.Belýaýewiň, M.Geldiýew bilen G.Alparowyň görkezen basymsyz goşulmalarynyň üstüni –da/–de,–a:/–ä:,–ha:/–hä: ownuk bölekleriň we –gun/–gün buýruk şekiliniň hasabyna artdyrýarlar. Ol kitapda sözüň ahyryndaky basyma dem çykaryş basymy,»sözüň haýsyda bolsa bir bognunyň owazy–tony belendiräkden inçe aýdylmagy bilen tapawutlanýanyna» heň basymy diýlip atlandyrylýar73.
Awtorlaryň pikiriçe, dem çykaryş basymy sözüň soňunda, heň basymy bolsa sözüň her ýerinde gelip bilýär.Bu pikirler jedellidir.Agzalýan kitapda basymyň ýerine ýetirýän hyzmatlary barada ilkinjiler hatarynda gürrüň edilýär.Onda alma’ (at) –a’lma (at), süzme’ (at) –sü’zme (işlik) ýaly basymyň orny boýunça tapawutlanýan sözler deňeşdirilip,»sözüň manysyny,morfologiýa tarapyny,şonuň ýaly hem sözlemdäki hyzmatyny bellemekde basymyň iň gerekli serişdeleriň biri» hasaplanylýar.
«Häzirki zaman türkmen dili» diýen kitapda basym hakynda gysgarak aýdylýar. Onda sözleriň belli bir bogunyň çekimlisiniň,beýlekilere garanda, batlyrak belent basylybyrak aýdylmagy bilen basymyň bildirilýändigi, onuň türkmen dilinde, köplenç, sözüň soňky bognuna düşýändigi, şoňa görä sözlere goşulma goşulanda basymyň ornunyň, okuwçy–okuwçylar sözlerinde bolşy ýaly,» üýtgäp durýandygy» nygtalýar74.
Türkmen diliniň söz basymyny ilkinji bolup eksperimental–fonetik usul bilen derňemek türkolog alym U.Ş.Baýçuranyň paýyna düşdi. Ol XX asyryň ellinji ýyllarynda, beýleki türki dilleriň materiallary bilen birlikde, türkmen diliniň hem birentek sözleriniň, sözlemleriniň aýdylyşy boýunça kimografiýa ýazgylaryny geçirip, olaryň yrgyldylaryny derňäpdir. Alym geçiren derňewleriniň netijelerini neşir etdiren kitabynda we çap etdiren makalalarynda beýan edýär. U.Ş.Baýçura birentek sözleriň aýdylyşlarynda çekimlileriň yrgyldy ýygylygyny, güýjüni, dowamlylygyny derňäp, olar boýunça aşakdaky ýaly netijelere gelýär. Ol: «Çekimlileriň sonor dowamlylygy basymyň esasy komponenti bolup bilmeýär. Çünki basymsyz çekimliniň dowamlylygynyň basymly çekimliniňkiden artýan ýagdaýlaryna duşulýar» diýip, tapyp,gapyp sözleriniň aýdylyşyny mysal getirýär.
Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda Amandurdy Sapaýew türkmen diliniň söz basymy boýunça ýörite derňew geçirip, kandidatlyk disertasiýasyny taýarlady75 we ol barada birnäçe makalalaryny çap etdirdi. Alym derňewinde çekimlileri meňzeş bolan bakmak, ata, atada, durmuş, bürgüt, sygyr, biçim ýaly sözler bilen birlikde, çekimlileri meňzeş bolmadyk we bogun sany dürli bolan gapy,tylla, pagtaçylyk, çä:re, nä:çe, okaýarlar, köwüşdi, köwü’şdi, gülýaka, oklukirpi, ýaly dürli kysymly iki we köp 130–dan gowrak sözi iki adama aýtdyryp, olaryň ossilogrammalaryny alypdyr. Onuň dissertasion işi türkmen diliniň söz basymyny eksperimental esasda ýörüte öwrenmäge bagyşlanan ilkinji derňewdir.
A.Nurmuhammedowyň «Türkmen dilinde söz basymy» (Aşgabat–2012) atly monogafiýasynda (40–njy sahypasynda) şeýle diýýär: «Getirlen kesgitlemelerde, birinjiden, «basym» adälgasy «söz basymy» manysynda ulanylýar. Ikinjiden bolsa, olaryň hemmesinde diýen ýaly kemter gaýdýan şol bir ýüzleý kesgitleme – sözdäki basymly bogunyň, käbir işde basymly çekimliniň beýlekilerine garanda batlyrak, güýçliräk aýdylmagyny nygtaýar» diýip belleýär we öz pikirini bildirmäge çalyşýar: Söz basymy – sözüň seslerini bogunlara, bogunlary söze birleşdirip, tabyn edip, oňa bitewilik berýär, sözi leksik birlige öwürýär. Şonuň bilen birlikde, ol sözüň has ähmiýetli we az ähmiýetli bogunlaryny nygtap, olary diňleýja bildirmäge ýardam berýär. Şonuň üçün oňä söz basymy diýilýär. Söz basymy bogunlary birleşdiriji fonetik serişdedir.
Basym diliň segmentüsti birligi bolany üçin,onuň tebigy häsiýeti–de iki ugur boýunça: sözüň gorizontal ugry boýunça, ýagny basym düşýän we düşmeýän bogunlaryň (segmentleriň) fiziki maglumatlarynyň tapawudy bilen, şol bir bognuň basymly we basymsyz gelen ýagdaýynyň (şeýle sözler türkmen dilinde az däl) fiziki maglumatlarynyň tapawudy bilen anyklamaly bolýar.Bu iki ugur boýunça alnan maglumatlar biri–biriniň üstüni doldurýar.
Türkmen dili özüniň aksentologik gurluşy boýunça örän çylşyrymly dilleriň biridir. Bu diliň söz toparlarynyň köpüsinde (atlarda, sanlarda, sypatlarda, işliklerde, sözsoňy kömekçilerde) basym soňky bogna düşýän bolsa, birenteginde (käbir çalyşmalarda, hallarda, baglaýjylarda, işlik şekillerinde) ol ahyrky däl bogna düşýär. Bu dillerde goşulmalaryň köpüsi basymy kabul edýän bolsa, olardan kyrka golaýy basymy kabul etmeýär, basymsyz aýdylýar. Diýmek, türkmen dilinde basymly bognuň sözüň başynda–da (ba’:ry, he’mmesi, ba’rmady, be’lki), ortasyn–da (ala’ndyr, geli’pdi ,aldy’myka) we soňunda–da (agşa’m, aga’ç ,gara’ş, çigille’m, durdy’) gelýän ýerleri bar. Şonuň bilen birlikde, basymyň sözüň degişli ýerlerinde ulanylyp–ulanylmazlygynyň–da sözleýişiň düşünikli bolup–bolmazlygy üçin täsiri bar. Meselem, «almady» diýen sözi alyp göreliň. Bu söz şekiliniň iki hili aýdylyşy bar. Eger ony «alma’dy» kimin okasak, «ol alma eken» manysyny, eger–de «a’lmady» ýaly diýsek, onda bu «ol almandyr» ýaly manyny berer. Basymyň ornunyň şu hili üýtgedilmegi bilen iki hili düşünjäniň emele gelmegine türkmen dilinde az duşulmaýar.
Basym (gürrüň söz basymy hakynda gidýär) sözdäki bogunlary özara birleşdirýän, ýagny sözi guraýan,ony düşnükli edýän esasy fonetik serişdeleriň biridir. N.A.Fedýanina diýen alym: «Basym,hakykatyna seredeniňde,sözüň janydyr.Sözden basymy aýyrsaň,söz ýitýär,onuň basymyny nädogry goýsaň,ol zaýalanýar»76 diýip, ony dogry häsiýetlendirýär.
Türkmen dilinde söz basymy öz tebigaty boýunça ondan oňa göçmeýän (üýtgemeýän), birorunly (fiksirlenen) häsiýeti bilen tanalýar.
Достарыңызбен бөлісу: |