Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет56/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   119
Basymsyz aýdylýan söz toparlary Muňa ownuk bölekler degişlidir.Olar goşulan sözüne baglylykda üç hili orunda gelip, basymsyz aýdylýarlar.

Şeýlelikde, goşulmalar söze goşulyp, onuň gurluşyny üýtgedýär. Olaryň täsiri diliň ýeke bir yzygider ýerleşýän segment gurluşyna däl, eýsem onuň segmentüsti birliklerine–de (basyma, intonatsiýa) ýaýraýar. Munuň şeýledigini türkmen dilinde basymy kabul edýän goşulmalar bilen birlikde, ony kabul etmeýän bölekleriň (olar 40–a golaý) barlygy bilen hem düşündirmek bolar.

Asyl we düýp soňuna goşulma goşuldygyça, başgaça aýdylanda, sözüň bogun hatary artdygysaýyn düýp sözdäki basym goşulmalara geçýär we ol her gezek soňky bogny eýeleýär. Meselem: íş–işçí–işçilér–işçilerdé–işçilerimíz we ş.m. Kömekçi basymyň fiziki häsiýetleri esasy basymyňkydan pes we gowşagrak halda bildirýär. Bu ýagdaý basymyň göçme häsiýetlidigini aňlatmaýar. Basymyň düýp sözüň soňundan goşulmalara geçýändigi üçin,oňa «göçme basym» diýip düşünýänler hem bar. Tersine, basymyň hemişe sözüň soňky bognuny eýeleýändigi üçin,oňa birorunly basym hökmünde garamak gerek. Sözde bogun sanynyň artmagy netijesinde, esasy basymyň bogun böleklerini birleşdiriji güýjüniň çäkliligi bilen, ýagny has uzagrakda ýerleşýän bogunlary özüne birleşdiriji ukybynyň bolmazlygy ýa-da azalmagy bilen baglanyşdyrmak mümkin.



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет