Jümle (fraza) we ondaky fonetik serişdeler. Jümle gutarnykly oý–pikir aňlatmaga ukyply iň uly fonetik birlikdir.
Intonasiýa arkaly birleşen sözleriň jemine Jümle (fraza) diýilỳär.
Gutarnykly oý–pikir aňladyşy, belli bir intonasiýada aýdylyşy taýdan Jümleler sözlemlere meňzeỳärler. Ýöne bilşimiz ýaly, sözlemler eýa, habara, aýyrgyçlara, doldurgyçlara bölünýän sintaktik birlikdir. Jümleler bolsa, sözleriň birleşmeginden hasyl bolýän fonetik birlikdir.
Sözlem gutaransoň, degişli dyngy belgi goýlup, taze sözlem baş harp bilen başlanỳär. Sözleşenimizde bolsa jümlaniň gutarandygy– da, taze jümlaniň başlanandygy–da fonetik serişdeler: intonasiýa, pauza, Jümle basymy boýunça esidiş organy arkaly kesgitlenilỳär. Gutarnykly oý–pikir aňlatmak; bir intonasiýada aýdylmak; pauza, Jümle basymy – bular jümlaniň hasiỳetli aýratynlyklarydyr.
Достарыңызбен бөлісу: |