Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет22/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   119
Soraglar we ýumuşlar

1.Gep organlary we gepleỳiş apparaty hakynda gürrüň beriň.

2.Gepleýiş apparaty we onuň gurluşy barada aýdyp beriň.

3.Gep organlarynyň sesleri emele getirmekdäki hyzmaty nähili?
1.5. GEPLEÝIŞ SESLERI WE HARPLARY. TRANSKRIPSIÝA. FONEMA WE WARIANT. FONOLOGIÝA BARADA DÜŞÜNJE

Meýilnama:

1.Gepleýiş seslerinde ýüze çykýan hadysalar.

2.Harplar we transkripsiýa barada düşünje.

3.Fonema we wariant. Fonologiýa barada düşünje.

Daýanç düşünjesi: Gepleýiş seslerinde ýüze çykýan hadysalar barada maglumat, harplar we transkripsiýa barada düşünje, fonema we wariant, fonologiýa barada düşünje.
Gepleýiş sesleri örän köp taraply hadysadyr: Fiziki hadysadyr: olar howa bölejikleriniň netijesi bolup durýar. Şolaryň şeýle hereketleri bolsa seslenmäge ukyply jisimiň titremegi (mysal üçin: owaz perdeleriniň titremegi) esasynda döreýär. Fiziologok hadysadyr: olar adamyň dürli gep organlarynyň hereketi netijesinde hasyl bolýarlar. Akustik hadysadyr: olar güýçli, güýçsiz, dowamly, dowamsyz, belent, pes we ş.m dürli hili eşidilýärler, kabul edilýärler. Psihologik hadysadyr: olar adamyň isleg–erki bilen aňly–düşünjeli amal edýän işiniň netijesidir. Jemgyýetçilik hadysadyr: dil, belli bolşy ýaly, adamlaryň pikir alyşmak, düşünişmek, aragatnaşyk etmek serişdesidir. Şeýle aragatnaşygyň amala aşyrylmagynyň bolsa esasy materialy gepleşik serişdesidir35.

Gepleýiş sesleri harplar bilen garyşdyrylman, biri–birinden tapawutlandyrmalydyr: gepleýiş sesleri aýdylýar, gulak bilen eşdilýär: harplar ýazylýar, göz bilen görilýär, okalýar. Harplar gepleýiş seslerini aňlatmak olary ýazuwda şöhlelendirmek üçin şertli alnan belgilerdir.

Häzirki zaman türkmen edebi diliniň elipbiýinde 30 harp bar. Olar aşakdaky yzygiderlikde, elipbiý tertibinde ýerleşdirilýär:



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет