Daýanç düşünjesi: çekimlileriň emele gelişi, fonema sostawynyň öwrenilişi, çekimli fonemalaryň mukdar taỳdan toparlara bölünişi, çekimli fonemalaryň hil taýdan toparlara bölünişi barada maglumat.
Çekimlileriň emele gelşiniň umumy şertleri. Fonemalaryň hemmesiniň şu sanda çekimlileriň-de hasyl bolmagy üçin a) öýkenden gelýän we bokurdakdan bogaza gaýdýan hem-de damak, agyz boşluklaryna gelip girýän howa akymy zerurdyr; b) aktiw gep organlarynyň herekete gelmegi, işlemegi zerurdyr39.
Çekimli fonemalaryň emele gelşiniň esasy alamatlary aşakdaky ýalydyr .
1.Çekimliler aýdylanda, öýkenden gaýdyp, dartgynly çekilişip, biri–birine gapyşyp ýa-da owazlanan howa akymy damak we agyz boşluklarynda gep ýolunda päsgelçilige sezawar bolman, daşary çykyp gidýär. Şu sebäpli hem çekimlilere sap owazdan ybarat sesler diýilýär.
2.Çekimliler aýdylanda, owaz perdeleinden başlap gep ýolunyň ugrundaky aktiw gep organlary boýdan başa tijenmek, dartgynlylyk ýagdaýynda bolýarlar.
3.Çekimliler aýdylanda, öz göwrim we formasyny üýtgedip durýan agyz boşlugy özünde ýerleşýän gep organlary bilen birlikde uly hyzmaty ýerine ýetirýär: emele gelýän çekimlileriň her biri özüne häsiýetli tembiriniň belentlilik derejesi boýunça tapawutlanýar: a) diliň has ýokary galşy netijesinde hasyl bolýan dar çekimliler iň belent tembrli sesler hasap edilýär: b) diliň has aşak galşy netijesinde emele gelýän giň çekimliler iň pes tembrli sesler hasap edilýär.
Çekimlileriň dodaklanmagy olaryň owazynyň belentligini peseldýär.
4.Çekimliler fizika – akustik taýdan has dowamly aýdylmagy, anatomiýa–fiziologik taýdan bolsa agzyň giň açylmagy bilen häsiýetlenýärler. Şeýlelikde, çekimlileriň artikulýasiýasy iki alamat esasynda döreýär; a) esasy artikulýasiýa, b) goşmaça artikulýasiýa.
Esasy artikulýasiýa bogazda emele gelýän esasy owazdan ybaratdyr, çünki bu ýerde owaz döreýän merkez–owaz perdeleri ýerleşýär.
Goşmaça artikulýasiýa: agyz boşlugynyň göwrümi hem-de onda diliň ýagdaýy: b) dodaklaryň gatnaşyp–gatnaşmazlygy bilen şertlenendir.
5. Çekimliler çekimsizlere garanda az howaly seslerdir, olar aýdylanda, owaz perdeleriniň sazlaşykly titremegi bilen owaz ýolunyň häli–şindi açylyp–ýapylyp durmagy hem-de butin gep ýolunyň tijenmegi netijesinde öýkenden gaýdýan howa akymy belli derejede güýçden gaçýar, gowşaýar, ysgynsyzlanýar.
Достарыңызбен бөлісу: |