Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет20/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   119
Aktiw we passiw gep organlary. Gepleýiş sesleriniň emele gelmegine gatnaşýan gep organlarynyň hereket edip–etmezligi göz öňünde tutulyp, olar aktiw we passiw gep organlaryna bölünýär.

Hereket etmäge ukyply bolan we gepleýiş sesleriniň hasyl bolmagynda esasy hyzmaty ýerine ýetirýän organlara aktiw gep organlary diýilýär. Bulara owaz perdeleri, damagyň artky ýüzi, agyz boşlugy, kiçi dil, ýumşak kentlewük, dil, dodaklar, aşaky eňek girýär.

Hereket etmäge ukyby bolmadyk, gepleýiş sesleriniň emele gelmeginde kömekçi hyzmaty ýerine ýetirýän organlara passiw gep organlary diýilýär. Burun boşlugy, gaty kentlewük, alweolalar, dişler, ýokarky eňek şu hili passiw gep organlarydyr. Emma passiw gep organlarynyň birnäçesiniň, mysal üçin, alyn dişleriň, alweolalaryň, gaty kentlewügiň gepleýiş sesleriniň ençemesiniň artikulýasiýasynda hyzmaty az däldir, sebäbi aktiw gep organlary hereket edip, olara degýär, galtaşýar ýa-da ýakynlaşýar. Şeýlelik bilen, olar hereket etmezden, aktiw gep organlary bilen birtopar sesleriň hasyl bolmagyna bilelikde gatnaşýar.

Gepleýiş sesleriniň aýry-aýrylarynyň emele gelmeginde aktiw gep organlarynyň käbiri hereket etmän, passiw ýagdaýda geçýär. Bu dodaklanmadyk sesler emele gelendäki dodaklaryň agyz ýolly sesler hasyl bolandaky ýumşak kentlewügiň ýagdaýyna degişlidir.





Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет