Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет4/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   119
Hususy fonetikada bir konkret diliň ses sistemasy öwrenilýär . Mysal üçin, türkmen diliniň fonetikasy, rus diliniň fonetikasy, iňlis diliniň fonetikasy we başgalar.

Umumy fonetikada dürli tipdäki dünýä dilleriniň ählisinde ýa-da köpüsinde umumy bolan fonetik kanunlar ýüze çykýarlar, adamyň gepleýiş apparatynyň mümkinçilikleri yzarlanylýar, gep organlary arkaly gepleýiş sesleriniň emele geliş tärleri takyklanylýar.

Ýokardaky pikirlerden belli bolşy ýaly dilşynasy M.Hudaýgulyýew diliň häzirki ses sistemasyny ýa-da onda ýüze çykýan ösüş-özgerişleriň öwrenilýändigine görä, ony taryhy fonetika hem-de teswiri fonetika13 diýip atlandyrýar.

T.Täҫmyradow hem fonetikanyň şeýle gӧrnüşlerini belläp geҫýär: «Hususy fonetika anyk bir diliň ses ulgamyny öwrenmegi maksat edinýär. Hususy fonetika derňewiň maksadyna laýyklykda teswiri fonetika, taryhy fonetika diýen toparlara bölünýär. Teswiri fonetikada belli bir diliň, belli bir döwürdäki ses ulgamy derňelýär. Muňa beýan ediş fonetikasy ýa-da sinhronik fonetika hem diýilýär.

Taryhy fonetikada belli bir diliň ses düzümi taryhy ösüşde derňelýär. Şonuň üçin oňa diahronik fonetika hem diýilýär.

Garyndaş dilleriň ses gurluşyny öwrenýän fonetika deňeşdirme fonetika, garyndaş bolmadyk (aýdaly, rus we türkmen) dilleriň ses ulgamyny deňeşdirip öwrenýän fonetika degşirme fonetika diýilýär. Deňeşdirme we degşirme fonetikalarda birnäçe dilleriň ses gurluşynyň umumylyklary we aýratynlyklary ýüze çykarylýar.



Ylmyň we tehnikanyň ägirt uly ösüşi netijesinde diliň ses uigamynyň ähli aýratynlyklaryny intogramma, ossillogramma, rentgenogrammaýaly serişdeleriň kömegi arkaly öwrenmeklige girişildi. Oňa tejribe (eksperimental) fonetika diýilýär. Tejribe fonetika diliň ses uigamynyň tebigatyna gözýetirmäge we syn ediş arkaly çözüp bolmaýan meseleleri çözmäge kömek edýär»14.

Derňew metodlary boýunça fonetikanyň: deňeşdirme fonetika, degşirme fonetika, eksperimental fonetika15 diýip atlandyrylýan görnüsleri bar.

Garagalpak dilşynas alymy A.Dawletow fonetikanyň ӧwrenilýän usullary diýip, iki gӧrnüşini belleýär. Olaryň birinjisi obýektiw we ikinjisi subýektiw usullar16. Garagalpak dilinde hem fonetikanyň taryhy fonetika, deňeşdirme fonetika, sypatlandyrma fonetikа, eksperimental fonetika ýaly gӧrnüşleriniň hem bardygyny alym A.Dawletow belläp geҫýär.

Türkmen dil biliminde K.Agaýew we T.Bekjäýewleriň bilelikde ýazan okuw gollanmasynda17 umumy fonetika, ýörite fonetika, beýan ediji fonetika, taryhy fonetika, eksperimental fonetika diýen görnüşleri görkezilýär.

Umuman alanymyzda, fonetika boýunҫa türki halklar, şonuň iҫinde türkmen, ӧzbek, garagalpak dil biliminde aýdylýan nazary pikirler biri-biri bilen tipologik häsiýete eýedigi aýdyňlaşýar.

Soraglar we ýumuşlar



1. Fonetika adälgasyna düşündiriş beriň.

2. Fonetikanyň döreýiş we ösüş taryhy barada maglumat beriň.

3. Diliň ses sistemasy dürli nukdaýy nazardan çemeleşip öwrenilende fonetikanyň hähili görnüşlerini bilýärsiňiz we öz-ara tapawutlaryny aýdyp beriň.

4. Diliň häzirki ses sistemasyny ýa-da onda ýüze çykýan ösüş-özgerişleriň öwrenilýändigine görä fonetika nähili atlandyrylýar?



Достарыңызбен бөлісу:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет