Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган


ÇEKIMSIZ FONEMALAR, OLARYŇ TOPARLARA BÖLÜNIŞI



бет41/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   119
1.7. ÇEKIMSIZ FONEMALAR, OLARYŇ TOPARLARA BÖLÜNIŞI

Meýilnama:

1.Çekimsizleriň emele gelşiniň umumy şertleri.

2.Çekimsiz fonemalar hakynda ylmy garaýyşlar.

3.Çekimsiz fonemalar, olaryň toparlara bölünişi.

Daýanç düşünjesi: çekimsizleriň emele gelşiniň umumy şertleri, çekimsiz fonemalar hakynda ylmy garaýyşlar, çekimsiz fonemalar, olaryň toparlara bölünişi barada maglumat.
Çekimsizleriň emele gelşiniň umumy şertleri aşakdakylardan ybarat.

1. Çekimsizler aýdylanda, öýkenden gidýän howa akymy gep ýolynyň haýsy hem bolsa bir ýerinde aktiw gep organlarynyň garşylygyna sezewar bolýar. Döreýän päsgelçiligi onuň geçýän howa akymy gulagymyza sap galmagal ýa-da galmagal bilen owaz gatyşykly sesler bolup eşidilýär. Şeýlelikde, çekimsizleriň akustik taýdan galmagal bilen şertlenendigi görünýär . Diýmek sap galmagal ýa-da galmagal bilen owazyň gatyşygyndan hasyl bolan seslere çekimsiz fonemalar diýilýär47.

2. Aňyrdan gelýän howa akymynyň ýolunda (esasan agyz boşlugynda) emele gel‎‎‎‎‎‎‎‎yän päsgelçilik üç hilli görnişde bol‎ýar.

A) gep organlary biri–birine berk gapyşyp, direnip, böwet emele getirýär; toplanan howa akymy böwedi zarply, bat bilen böwsüp gecip, galmagal döredýär; b) gep organlary biri–birine ýakynlaşyp, darajyk yşgalaňy emele getirýär; aňyrdan gelýän howa akymy yşgalaň döreden gep organlarynyň diwarlaryna sürtenip–süýkenip geçip, galmagal emele getirýär; w) gep organlarynyň biri–birine galtaşygynyň başlangyjynyň yzysüre haýal etmän, howa çüwdürüminiň yşgalaňdan çykmagynyň organiki birleşmesi bilen çylşyrymly böwet döredýär; böwedi emele getiren dil ýuwaşjadan yza çekilende, zarply çykýan howa akymy birbada däl–de, haýallyk bilen yşgalaňy döreden gep organlarynyň diwarlaryna süýkenip geçip, galmagal döredýär.

3. Çekimsizler aýdylanda, aktiw gep organlarynyň dartgynlygy gep ýolunyň belli bir ýeri bilen çäklenýär. Howa akymy päsgelçiligi böwedi onuň geçýän pursadynda olaryň dartgynlygy güýjeýär, başga ýagdaýda gowşak halda bolýar.

4. Çekimsiz fonemalaryň hem artukulýasiýasy iki alamat esasynda döreýär:

a) esasy artikulýasiýa; b) goşmaça artikulýasiýa.

Esasy artikulýasiýa bogazda ýa-da agyz boşlugynda emele gelen galmagaldan ybaratdyr.

Goşmaça artikulýasiýa bogazda owazyň döräp–döremezliginden ybaratdyr.

5. Sesleriň güýçlüsi, köp howalysy dymyk çekimsizlerdir.





Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет