Çekimsiz sesleriň fonema sostawy. Häzirki zaman türkmen edebi diliniň çekimsiz sesleriniň fonema sostawyny alymlar dürliçe kesgitleýärler. Bu barada, esasan, dört hili garaýyş dowam edýär.
1.A.P.Poseluewskiniň garaýyşyna görä, 25 sany çekimsiz fonema bar. Ol türkmen dilinde f çekimsizine fonema hökmünde garamakdan saklanypdyr; söz başynda ýogun çekimliler bilen ulanylýan zarply g çekimsizini bir mysal üçin ga:r/gar//; söz başynda inçe çekimliler bilen gelýän zarply g sesini aýratyn/ mysal üçin gelýän ýogun çekimliler bilen ulanylýan süýkeş g çekimsizine hem özbaşdak mysal üçin, ba:g /bag/, ýagny g harpy bilen berilýän çekimsiz sesleri z fonema hasaplapdyr; Dil ardy – yzky kentlewük, zarply, ýogyn çekimliler bilen gelýän k inçe çekimliler bilen ulanylýan dilardy – ortaky kentlewük, zarply k çekimsizleriniň hem biri – birine aýratyn mysal üçin, ak/ak/, gerek/ fonema hökmünde garapdyr; ahyrda hem h harpy arkaly aňladylýan dilardy – damak h mysal üçin, her/her//, dilardy – yzky kentlewük h mysal üçin wah/wah//; rus alynma sözlerindäki h mysal üçin horonika, çekimsizlerini özbaşdak fonemalar hataryna goşupdyr.
2.G.Gulmanow48 h harpy arkaly aňladylýan dilardy – yzky kentlewük h çekimsizini bir fonema mysal üçin parh, nyrh, çarh/ dilardy – damak hçekimsizini hem özbaşdak fonema / mysal üçin hawar, ha:ly haça:n hasap// hasaplaýar. H.A.Maşakow49 g harpynyň üsti bilen aňladylýan dilardy – yzky kentlewük,zarply,ýogyn çekimliler bilen söz başynda ulanylýan g çekimsizini bilen söz ortasynda we ahyrynda gelýän g çekimsizini hem aýratyn fonemalar hasaplaýar. Şeýlelikde ,bu iki alymyň garaýşy boýunça 22 çekimsiz fonema bar.
3. H.Bagyýew, H.A.Maşakowyň g çekimsiziniň özbaşdak fonemadyr diýen pikirini goldamak bilen, söz ahyrynda inçe çekimlilerden soň ulanylýan dilardy–ortaky kentewük, süýkeş g çekimsizini hem özbaşyna bir fonema mysal üçin, beg,deg,i:g/beg,deg,ig/ hasap edýär. Şeýlelikde, ol g harpy arkaly aňladylýan çekimsiz sesleri z fonema hasaplamak bilen çekimsiz fonemalaryň sanyny 23–e ýetirýär.
4. A.Annanurowyň, P.Azymowyň, J.Amansaryýewyň, G.Saryýewiň, T.Täçmyradowyň, M.Hudaýgulyýewiň, B.Hojaýewyň50 pikirlerine göre 21 çekimsiz fonema bar.
Olar häzirki orfografiýada b, w, g, d, j, ž, z, ý, k, l, m, n, p, r, s, t, f, h, ç, ş harplary arkaly aňladylýar.
Häzirki zaman türkmen edebi dilinde 22 çekimsiz fonema bar . Olar ýazuwda 21 harp arkaly berilýär. F çekimsizi özbaşdak fonemadyr . H çekimsizi h fonemasynyň tipik wariantydyr. Artikulýasiýanyň orny we hili boýunça biri – birinden tapawutlanýan, ýazuwda diňe bir g harpy arkaly aňladylýan dört çekimsiz sese M.Hudaýgulyýewiň «Häzirki zaman türkmen dili. Fonetika» (Aşgabat: Turan. 1992) atly işinde iki sany özbaşdak fonema hökmünde garalypdyr; a) yzky we ortaky hatar çekimlileri bilen ulanylýan dilardy – yzky kentlewük; açyk zarply g hem-de b) alynky hatar çekimlileri bilen gelýän dilardy – ortaky kentlewük, açyk, zarply g çekimsizleri açyklyk–dymyklyk differensial alamat esasynda söz başynda dymyk, dilardy – yzky kentlewük k hem-de dilardy – ortaky kentlewük k çekimsizleri bilen gapma –garşy bolup, ýagny birmeňzeş fonetik şertlerde sözleriň manylaryny özara tapawutlandyrmaga hyzmat edýärler: a) /galp, kalp/, /gysym, kysym/, /gow, kow/, /gyn, kyn/, /gyl, kyl/.
b) /göwek, köwek/, /göl, köl/, /göle, köle/, /gül, kül/, /geň, keň/, /geç, keç/, /ger, ker/, gör, kör/...
Çekimsiz fonemalar akustik artikulasion (anatomiýa fiziologik) alamatlar: sostawyndaky galmagal bilen owazyň mynasibeti ( akustik alamat) boýunça: owaz perdeleriniň hereket edip–etmezligi boýunça toparlara bölünýärler. Sostawyndaky galmagal bilen owazyň mynasibeti boýunça çekimsiz fonemalaryň toparlara bölünişi. Çekimsizleriň bir topary sap galmagaldan ybarat bolsa, başga bir toparynyň sostawyna owaz hem gatnaşýar, ýöne olardaky galmagal bilen owazyň mynasibeti mukdary birmeňzeş däl, çekimsizler ine şu akustik alamat esasynda galmagally çekimsizler sonorly çekimsizler diýen toparlara bölünýär. Galmagally çekimsizler bogazda owazlanyp agyz boşlugyna tarap gaýdýan howa akymynyň ýoluny aktiw gep organlarynyň haýsydyr–biri dil ýa-da dodaklar bekleýär ýa-da has daraldýar. Päsgelçilikden geçen mahalynda galmagal döreýär. Bu çekimsizlerde owaza gatyşyp gidýän galmagal owazdan agdyklyk edýär: Bogazda galmagala öwrülip gaýdan howa akymyna agyz boşlugynda dörän päsgelçiliklerde dörän goşmaça galmagal hem gatnaşýar. Şeýlelikde, galmagal gatanyjy owazdan agdyklyk edýän hem-de sap galmagaldan ybarat sesleriň ikisine–de galmagally çekimsizler diýilýär. Türkmen edebi dilinde on bäş sany galmagally çekimsiz fonema bolup ýazuwda olar on dört harpyň üsti bilen berilýär. B, g, d, j, z, p, s, t, f, h, ç, ş.
Sonorly çekimsizler bogazdan owazlanyp gelýän howa akymynyň ýoly aktiw gep organlarynyň biri tarapyndan ýapylýar ýa-da has daralmaga sezewar bolýar. Dörän päsgelçilik ýeňlip geçilende galmagal emele gelýär.
Galmagally hem-de sonorly çekimsizleriň emele gelmegine öýkenden gelýän howa akymynyň hereketi birmeňzeş däldir. Sonorly çekimsizlerdäki onuň hereketi galmagally çekimsizleriň hasyl bolandakysy bilen deňeşdirilende has pes emma dowamly bolýar. Şu esasda hem sonorlylar çekimli sesler bilen çekimsizleriň aralygynda duran sesler hasaplanylýar. Owaz perdeleriniň hereket edip–etmezligi boýunça çekimsiz fonemalaryň toparlara bölünişi. Sostawynda owaz gatanjynyň bardygy–ýokdygy esasda çekimsiz fonemalar açyk çekimsizler we dymyk çekimsizler diýen toparlara bölünýärler.
Достарыңызбен бөлісу: |