Dodak fonemalary. Dodaklaryň hereketi netijesinde hasyl bolýan çekimsizler özara goşadodak we dodagara fonemalaryna bölünýär.
Goşadodak çekimsizleri. Agyz boşlygyna gelen howa akymynyň öňünde aşaky we ýokarky dodaklar biri–birine jebis tapyşyp, ýumulup, doly böwet bolup açylmagy netijesinde b, m, p fonemalary hasyl bolýar: bal, bilim, belet;
Dodagara çekimsizleri. Aşaky we ýokarky dodaklaryň biri–birine has ýakynlaşyp ýa-da çala galtaşyp, kaklyşyp, howa ýolunyň has daralmagy bilen w, f fonemalary zaryply b, p fonemalaryň hem ýasy yşgalaňly, süýkeş w warianty hasyl bolýar: mi:we, ýowar, a:w (miwe, ýowar, aw);
Dil fonemalary. Bularyň hasyl bolmagynda iň aktiw hereket edýän gep organy dildir. Dil üstüniň (arkasynyň) art, orta we üç bölekleri bar. Olaryň üçüsi hem çekisizleriň emele gelmegine gatnaşýar, şu sebäpli onuň hereket edýän ýerine laýyklykda dil çekimsizleri: dilardy çekimsizleri; dilorta çekisizleri; dilujy çekimsizleri diýen üç topara bölünýär.
Artikulýasiýanyň hili boýunça çekimsiz fonemalaryň toparlara bölünişi. Çekimsiz fonemalarda galmagalyň döreýiş tärine, usulyna, başgaça aýdylanda, aktiw gep organlarynyň howa akymynyň öňünde emele getirýän päshelçiliginiň häsiýetine, dörän garşylykdan howanyň geçiş, daşary çykyş aýratynlygyna artikulýasiýanyň hili diýilýär.
Bulara galmagally b, [ g, g ], d, [ k, k ], p, t çekimsizleri degişlidir: baş, gapy (gapy), gedem; damar, demir; okara, guty,(okara, guty); pel, gep; torgaý, aýgyt (torgaý, aýgyt). Degşikli, zaryply çekimsizlere burun ýolly m, ň, n, sesleri–de degişlidir: ýokary göterilen dilardy ýumşak kentlewük bilen gaty kentlewügyň sepleşýän ýerine baryp direlýär; başga bir ýagdaýda dodaklar jebis ýumulýar, şeýlelik bilen, iki ýagdaýda hem howanyň öňüni ýapan böwet, açylmaýar, şol bir wagtyň özünde bolsa burun boşlugyndan howanyň belli bir bölegi dowamly çykyp durýar, agyz boşlygynda ýygnanan belli bir mukdardaky howa hem böwetleri bir ugra böwsüp, zaryply daşary çykyp gidýär. Ine, şu ýagdaýda burun äheňli deşikli zaryply m, n, [ ň, n, ] fonemalary hasyl bolýar: ylym, mele, neneň, selin, deňiz, doň....
Umuman alanymyzda, türkmen dilinde ҫekimsiz sesler barada dil biliminde alyp barlan barlaglarda birmeňzeş nazary pikirleriň bardygy mälim boldy.
Достарыңызбен бөлісу: |