Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган


Sözüň sintaktik taýdan şertlendirilen manysy



бет69/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   65   66   67   68   69   70   71   72   ...   119
Sözüň sintaktik taýdan şertlendirilen manysy. Sözüň leksik manysy onuň belli bir sintaktik hyzmatyndan gelip çykýar: “…Ỳerli maglumatlaryň gahatçylygyndan kösýändigi köre hasa” (“Türkmen gündogary”, 18.08.94). Şu mysaldaky “köre hasa” diýen söz düzümi habar bolup gelende, “belli” diýen sözüň manysynda ulanylýar. “Bu yssynyň yzynyň bir çöpi bardyr”. “Munuň aýdýanynyň jany bar” ýaly sözlemlerde “çöp” hem “jan” sözleri eýe bolup gelende, olaryň göçme manyda ulanylýanlygyna diňe sözlemiň içinde göz ýetirmek mümkin.

Abstrakt sözlere dar hem giň manyda düşünilýär. Dar manyda diňe abstrakt manyly atlar alynýar. Giň manyda muňa abstrakt manyly atlar hem, olardan ýasalan sypatlar hem degişlidir. Umuman, abstrakt hem konkret manyly sözleriň arasyny açmak ýeňil däldir.

Sözüň asyl (maddy) manysy hem ýasama (deriwasion) – ( lat. – sowma, aýlaw) manysy bolýar. Sözüň maddy manysy hakyky durmuşda ulanylýan zady, hadysany, gatnaşygy we ş.m. bildirip gelýär. Olar düýp sözleriň üsti bilen berilyär. Sözüň deriwasion (sowma) manysy sözýasaýjy goşulmalaryň üsti bilen aňladylyar. Mysal üçin, “guzy” diýende, sözüň maddy manysy aňlanylýar, emma “guzu-jyk” diýlende, “-jyk” ýasaýjy goşulmasy kiçilik mansyny berýär, ýagny “kiçi guzy” diýen manyny aňladýar.

Sözüň bir ýa-da köp many aňladýandygyna garap bulary iki topara bölüp görkezmek boljak.





Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   65   66   67   68   69   70   71   72   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет