Metafora iki hili bolýar.
1. Lingwistik metafora,
2. Çeper metafora.
Soňka troplar degişlidir. Çeperçilik maksady bilen sözleriň göçme manyda ulanylmagyna trop (gr. tropos – aýlaw) diýilýär.
Lingwistik metafora göçme manysyny bireýýäm ýitirip, bütinleý şol predmetiň adyna öwrülip giden sözleri aňladýar. Mysal üçin, “gylyç” sözi ýarag manysynda başga-da, dokma dokalanda ulanylỳan, gylyja meñzeş guraly hem bildirỳär. Emma “gylyç” diýip injigiň gylyja çalymdaş süňküne hem aýdylýar. Ýöne ol entek hakyky ady däldir, eýsem onuň obrazly aňlatmasydyr. Şonuň üçin ol predmetiň ady şekilinde ulanylmaga ukypsyzdyr.
Çeper metaforalar hem öz gezeginde iki topara bölünýär:
1. Tradision metafora,
2. Indiwidual – stilistik metafora.
Tradisioan metafora köp ulanylmakdak ýaňa, däbe öwrülen metaforalardyr. Meselem: “alma ýaňak, gül, bilbil”.
Indiwidual – stilistik metaforalar aýry-aýry ýazyjylar tarapyndan täze döredilýär. Olar entek halk köpçüliginiň arasynda doly ornaşmansoň, tradision metaformalar ýaly, hemme üçin onçakly mälim däldir. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, bu hili metaforalar hem köpçulik tarapyndan özleşdirilýär we umumy tradision metaforlaryň hataryna geçip gidýärler.
Metonimiýa. Bu (gr.metonymia – gaýtadan atlandyrma) sözleriň köpmanylylygynyň ýüze çykmagynda aýratyn ähmiýete eýe bolup, ýüze çykyş hem ulanylyş gerimi boýunça örän köpdürlidr.
Metafora predmetleriň, olaryň ýüze çykarýan hereketleriniň meňzeşligine esaslanýan bolsa, metonimiýa predmetleriň ýakynlygyna ýanaşyklygyna, galtaşyklydygyna – jemläp aýtsak, baglanyşyklydygyna daýanýar. Metaforada täze atlandyrylýan predmet bolsa öňki şol ady göterýän predmetiň arasynda hiç hili baglanyşyk ýokdur. Mysal üçin, adamyň golunyň tirsegi bilen pejin turbasynyň tirseginiň arasynda hiç hili baglanyşyk duýulmaýar. Emma adamyň tirsegi bilen pejiň tirsegi şol bir söz bilen atlandyrylypdyr. Sebäbi name? Sebäbi bu iki predmetiň daşky gornüşinde meňzeşlik bar.
Metonimiýada bolsa şol bir söz bilen atlandyrylýan predmetleriň arasynda haýsydyr bir tarapdan baglanyşýk bar. Ana, şol baglanyşyk hem bir predmetiň adynyň şonuň bilen ýakyn baglanyşykly başga bir predmete geçmegine sebäp bolýar.
Sinekdoha. Bu (gr.synekdoche – oýlama, güman etme) arkaly täze sözler ýasalanda, bitewi zadyň üsti bilen onuň belli bölegi aňlanylýar ýa-da böleginiň üsti bilen bütewi zat düşünilýär. Muny kabir awtorlar metonimiýanyň bir görnüşi hem hasaplaýarlar. Meselem: Arkaly erke geplär, arkasyz gorka geplär atalar sözünde hem arka sözi hossar manysynda ulanylýar. Aňlaman sözleme tamda gulak bar (Magtymguly) goşgy setirinde gulak sözi adam manysyndadyr.
Sözleriň köpmanylylygy diňe isimlere häsiýetli bolman, işliklere hem degişlidir. Hereket umumylygy esasynda işlikler, öz hakyky manylardan başga-da, telim manyda ulanylýarlar. Bularyň soňky manylary ilkinji manysyna golaý bolup, ondan kän daşlaşyp bilmeýärler. Şonuň üçin işlikleriň soňky manylary düşündiriş talap etmeýär. Olar sözlem içinde gelende, haýsy manyda ulanylýandygy kynçylyksyz bilinýär.
Ýokardakylara mysal hӧkmünde: sözlemiň baş agzalary, baş düşüm, baş agronom söz düzümlerinde ol göçme manyda, ýagny esasy agza, esasy düşüm, esasy agronom manysynda gelýär.
Göçme manylylyk düşünje bildirýän sözlere–de mahsus. Meselem, beýik dag, beýik şahyr, beýik işler; ajy burç, ajy söz; ýiti I pyçak, ýiti zehin... Işliklerde sözüň göçme manyda ulanylýandygyny I duýmak kyn. Meselem, guzlamak (guzulamak) aslynda goýna I mahsus. Emma botlapdyr ýerine düýämiz guzlapdyr, gulunlapdyr I ýerine atymyz guzlapdyr, sygrymyz guzlapdyr, towugymyz guzlapdyr...ýaly ulanýarys.
Достарыңызбен бөлісу: |