Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет95/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   119
Soraglar we ýumuşlar

1. Emosional–ekpressiw öwüşginsiz sözler näme üçin stilistik neytral (stilara) sözler atlandyrylyar?

2. Emosional–ekspressiw öwüşginli sözler haýsy stillerde ulanylýarlar?

2.9. TÜRKMEN DILINIŇ FRAZEOLOGIÝASY

(Durnukly söz düzümleri)



Meýilnama:

1.Durnukly söz düzümleri söz düzümleriniň ikinji görnüşidir.



2.Frazeologik durnukly söz düzümleri

3. Grammatikalaşan durnukly söz düzümleri

Daýanç düşünjesi: durnukly söz düzümleri söz düzümleriniň ikinji görnüşi barada maglumat, frazeologik durnukly söz düzümleri, grammatikalaşan durnukly söz düzümleri barada maglumat.

Edil özbaşdak sözler ýaly şol bir manylarda ulanylýan, ýöne olard aladýan emosional–ekspressiw öwüşginliligi, obrazlylygy bilen tapawutlanýan gözli–başly etmek, aýagyny baglamak (öýermek); depesi göge ýetmek, guş bolup uçmak (begenmek); dil birikdirmek (dilleşmek); göz görkezmek (gorkuzmak); dili gysga, ýüzi gara (müýnli).... ýaly durnukly söz düzümleri–de leksik birlik hasaplanylýar. Şular ýaly durnukly söz düzümlerine frazeologizmler diýilýär. Bularyň düzümindaki sözleriň hemmesi bitewilikde bir umumy many aňladyar, Olar, köplenc, göçme manylarda ulanylýar. Erkin söz düzümlerinden tapawutlylykda olar aýyklaýan we aýyklanýan sözlere bölünmeýärler, sözlemde bitewilikde bir agza bolup gelýärler. Frazeologizmleriň düzümi durnukly bolýar. Şol sözleriň jeminden bir umumy many hasyl bolýandygyna görä, sözlerini calşyrmak–da, orunlaryny üýtgetmek–de bolmaýar. Frazeologizmler gurluşlary we many aýratynlyklary taýdan dürli–dürlüdirler. Olaryň arasynda ýeke elli (kömeksiz), ýüzi gara (müýnli), agzy açyk (aňkaw), guş kelle (samsyk) ýaly bir söze öwrülip baryýnlary–da, kömek et, gulak sal, baş goş ýaly sözleriň belli derejede özbaşdaklyklaryny saklap gelýänleri–de, «Kör düýesi köprüden geçen (öýlenen) ýaly asylky manylaryny doly ýitirenleri–de, «Öz eli, öz ýakasy» (özygtyýarly), «Yüzünden gar ýagýar» (gaharly), «Göwnüm suw içenok» (halamok) ýaly sözlem gornuşlileri–de bar. Türkmen dili durnukly söz düzümlerine diýseň bay. Olar pikiri täsirli, obrazly aňlatmak üçin ceper dil serişdesi hökmünde işjeň ulanylýarlar.

Durnukly söz düzümleriniň manylary, ulanylyş aýratynlyklary ýörite frazeologik sözlüklerde düşündirilýär.



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет