Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет18/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   119
Ýumşak kentlewük. Muňa, başgaça kentlewük perdesi diýilýär. Özüniň ujunda ýerleşýän kiçi dilden başlanýan ýumşak kentlewük gaty kentlewügiň başlanýan ýeri bilen utgaşyp gidýär. Ol öz ujy bilen hereket edip–ýokary galyp, ýagny damagyň ýokarky böleginiň diwarlarynyň ýüzüne direlip, gysylyp, burun boşlugyna howa akymynyň gidýän ýoluny iki sany deşigi bekläp bilýär. Ol damagyň diwarlaryndan daşlaşyp–aşaklygyna sallanyp, burun boşlugyna howa akymynyň belli bir bölegini hem goýberip hem bilýär.

Agyz içiniň ýokarky çägi onuň alyn böleginde ýerleşýän gaty kentlewük bilen artky böleginde ýerleşýän ýumşak kentlewügiň aralygyny öz içine alýar.



Gaty kentlewük. Bu– azy dişleriň deňinden, ýagny ýumşak kentlewügiň gutarýan ýerinden başlanýar, alyn tarapy bolsa alweolalar bilen utgaşyp gidýär. Gaty kentlewügiň süňkli düýbi bar, ol ýokarky eňegiň aşaky bölegini emele getirýär.

Alweolalar. Ýokarky alyn dişleriň köküniň ýerleşýän iç tarapky diş düýbi etiniň ýüzünde tekiz bolmadyk zolak bar, şoňa bolsa alweolalar diýilýär.

Dil– agyz boşlugynda iň möhüm gep organydyr. Ol gepleýiş seslerini emele getirmekde özüniň has aktiwligi bilen beýleki gep organlaryndan üzül–kesil tapawutlanýar: dil tutuşlugyna ýa-da onuň aýry-aýry ýerleri her hili hereket edip bilýär. Gepleýiş sesleri toparlara bölünende hem, olaryň diliň üç ýeriniň (dil ardy, dil ortasy, dil ujy) haýsynda hasyl bolýandygy nazarda tutulýar.



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет