Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет17/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   119
Bogazdan ỳokarky boşluklar. Muňa damak, agyz we burun boşluklary degişlidir. Bularyň her biriniň ýerine ýetirỳän aỳratyn hyzmatlary bar. Bu üç boşluk, bogazda emele gelỳän esasy owaza dürli goşmaça owaz (labyz, äheň) berỳän rezonatorlardyr.

Damak boşlugy. Bu bogazyň ỳokarky ỳanynda, agyz boşlugynyň bolsa yzynda ýerleşỳän hem-de agyz boşlugy bilen gyzylödegi bileşdiỳän kanaldyr. Ol bogazdan agyz we burun boşluklaryna gidỳän turbajyk görnüşindäki insiz geçelgedir. Onuň aşaky–artky bölegi bogaza utgaşyp gidỳär, ortaky–agyz tarapdaky bölegi giň deşik arkaly agyz boşlugy bilen birleşỳär, ỳokarky bölegi bolsa iki sany deşik arkaly burun boşlugyna birigỳär.





I.Agyz boşlugy. II.Damak boşlygy. III.Burun boşlugy.VI.Bogaz.V.burun–Damak boşlugy.

1.Owaz perdeleriniň arasyndaky yşgalaň–owaz ýoly.2.Galkan şekilli kitirdewük.

3.Ýüzük şekilli kitirdewük.4.Dil asty süňki. 5.Owaz perdesi. 6.Ýüzük şekilli kitirdewük.

7.Susak şekilli kitirdewük. 8.Gyzyl ödek. 9.Bokurdak. 10.Dil. 11.Diliň alynky bölegi. 12.Diliň ortaky bölegi. 13.Diliň artky bölegi. 14.Diliň düýbi(köki) 15.Aşakky alyn dişler. 16.Aşaky dodak. 17.Ýokarky dodak. 18.Ýokarky alyn dişler. 19.Aliweolalar. 20.Gaty kentlewük. 21.Ýumşak kentlewük. 22.Kiçi dil.

Damak boşlugy käbir çekimsizleriň (mysal üçin, h) tembriniň emele gelmeginde goşmaça resonator bolup hyzmat edỳär.

Agyz boşlugy. Gepleỳiş sesleriniň gutarnykly hasyl bolmagynda özünde ýerleşỳän hemme organlar bilen birlikde agyz boşlugynyň aỳratyn hyzmaty bardyr. Kiçi dil, ỳumşak kentlewük, dil, dodaklar, aşaky eňek ỳaly aktiw organlaryň dürli hereketlerine baglylykda ol özüniň göwrümini we formasyny her hili üỳtgedip bilỳär. Şeỳlelik–de, dürli çekimlilere tembr, çekimsizlere–de her hili öwüşgin berỳän bu resonator üỳtgäp durỳar.

Agyz boşlugynda ỳumşak kentlewük, onuň ujyndaky kiçi dil, gaty kentlewük, alweolalar, dişler, dil, dodaklar ýerleşỳär.





Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет