Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет66/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   119
Sözüň manysy. Sözüñ manysy obýektiw dünýädäki predmetleriň we hadysalaryň biziň aňymyzda şöhlelenmegi arkaly ýüze çykýar. Many sözüň maýasy bolmak bilen, onuň içki mazmunyny öz içine alýar. Sozüň aýdylyşy, yagny ses toplumy onuň maddy örtgüsi bolup, sözüň daşky tarapyny hasyl edýär. Şunlukda, sözüň içki hem daşky taraplary bolup, ikisi birlikde sözüň many hem aýdylyş bitewiligini emele getirýär. Sözüň manysy hem oňa siňdirilen düşünje özara baglanyşykly bolsa-da, ol ikisi bütinleý bir zat däldir. Sözdäki düşunje mydama bir bolýar, emma many birden köp bolup biler. Muňa sözleriň köpmanylylygy degişlidir. Mysal üçin, “ýüz” diýlende, haýsydyr bir zadyň öň tarapy, üsti aňlanylýar. Şu babatda ol bir düşünjäni aňladýar. Emma şu söz dürli hili manylarda gelip biler. Meselem: “adamyň ýüzi, ýeriň ýüzi, suwuň ýüzi, asmanyň ýüzi, kagyzyň ýüzi” we başgalar.

Mundan hem başga, düşünje bizi gurşap alan hakykatyň obýektiw şöhlelenmesi bolup durýar, sözüň manysynda bolsa biziň subýektiw bahamyzyñ (söýgimiziñ, ýigrenjimiziň we ş.m.) ýüze çykmasyny hem görmek bolýar. Meselem: “pişik – pişijek, it – itjagaz”.

Sözüň leksik we grammatiki manylary hem bolup biler. Sözüň leksik manysy düýp sözüň üsti bilen berlip, onuň maddy mazmunyny bildirip gelýär. Meselem: “deňiz” diýlende, üsti tekiz pes ýerde ýerleşen ummasyz möçberde toplanan suw göz öňüne gelýär. Onuň grammatiki manysy sözüñ forma tarapyny öz içine alýar. “Deňiz” sözi at söz toparyna degişli bolup, birlik sanda, baş düşümde ulanylýar.

Özbaşdak many aňladýan sözlerde leksik many grammatiki manydan agdyklyk edýär, kömekçi sözlerde bolsa leksik many şol bir wagtyň özünde grammatiki manyny hem aňladýar.

Şeýle hem, sözler özbaşdak many aňladýarlar we özbaşdak many aňlatmaýanlar (kömekçi sözler) diýen toparlara bölünýärler. Özbaşdak many aňladýanlar ýeke özleri hem ulanylyp bilýärler. Meselem: “tebigat, ösümlik, ak, gök” we başgalar. Özbaşdak many aňlatmaýanlar (baglaýjylar, sözsoňular, ownuk bölekler) ýekelikde ulanylmaýarlar. Meselem: “Ỳer bilen Gün; şonuň üçin; gel-).



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет