II BAP. LEKSIKOLOGIÝA – SÖZ WE SÖZLÜK DÜZÜMI ÖWRENÝӒN YLYM
2.1. LEKSIKADA ÖWRENILÝÄN MESELELER WE OLARYŇ MAKSADY WE WEZIPESI
Meýilnama:
1.Dersiň maksady we wezipesi.
2. Sözleriň döreýiş ceşmeleri hakynda.
3. Türkmen diliniň sözlük düzümi hakynda.
Daýanç düşünjesi: leksikada öwrenilýän meseleler, onuň maksady we ahmiýeti, sözleriň döreýiş ceşmeleri hakynda, türkmen diliniň sözlük düzümi hakynda maglumat.
Türkmen diliniň leksikologiýasy barasynda N.Nartyýewiň «Häzirki zaman türkmen dili (leksika)» (Aşgabat, 2010) atly okuw kitabynda oňat maglumatlar getirilipdir. Şonuň üҫin biz bu tema hakynda gürrüň edenimizde N.Nartyýewiň ady agzalan barlagyna ýüzlenmekҫidiris.
Leksikologiýa (gr. “leхikos” – sözlük, “logos” – ylym) dil biliminiň bölümi bolup, diliň sözlük düzümini öwrenmek bilen iş salyşýar. Leksikologiỳa sözleri ýekelikde öwrenmän, eýsem beýleki sözler bilen baglanyşyklylykda derňeýär. “Leksikologiýa” termini giň hem dar manyda ulanylýar. Giň manyda leksikologiýa hem sözler, hem durnukly söz düzümleri hakyndaky ylymdyr. Dar manysynda leksikologiýa diňe sözler bilen iş salyşýar.
Leksikologiýa öwrenýän obýektine garap iki topara bölünýär:
Достарыңызбен бөлісу: |