Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет62/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   119
1. Umumy leksikologiýa,

2. Hususy leksikologiýa.

Umumy leksikologiýa dürli dilleriň leksikasyny umumylaşdyryp öwrenýän bolsa, hususy leksikologiýa belli bir diliň sözlük düzümini öwrenmegi göz öňunde tutýar.

Milli diliň leksikasy bilen edebi diliň leksikasy bir zat däldir. Bu ikisiniň arasyndaky tapawut türkmen milli dili bilen türkmen edebi diliniň arasyndaky yalydyr. Türkmen milli dili diýlende, halkyñ janly hem ýazuw gepleşikleriniň ähli köpdürlüligini, şol sanda dialekt we sosial – professional aýratynlyklaryny hem öz içine alýar. Şunlukda, milli diliň leksikasy umumyhalky hem umumyhalky däl, ýagny çäkli ýagdaýda ulanylýan sözleri (dialekt, sosial, professional, žargon – argotizm) edebi diliň normalaryndan daşa çykýan gödek, sögünç sözleri we ş.m. doly hasaba alýanlygy bilen edebi diliň leksikasyndan tapawutlanýar.

Edebi leksika hem frazeologiýa milli diliň ýokary formasy bolan häzirki zaman türkmen edebi diliniň düzüminiň esasyny emele getirýär. Edebi diliň leksikasy umumy milli diliň leksikasyndan darlygy hem normalaşdyrylanlygy bilen tapawutlanýar. Edebi diliň normasy diýlen düşünje örän giň bolup, ol diňe leksik normalary däl, eýsem orfoepik, sözýasalyş, sözüýtgeýiş, morfologik we sintaktik normalary hem göz öňünde tutýar. Ýöňe norma diýen düşünje edebi diliň leksikasynyň ösüş taryhynda mydamalyk zat bolman, ol dürli döwürlerde üýtgäp, özgerip durýar. Şol bir wagtyň özünde islendik norma, şol sanda leksik norma hem käbir ýagdaýlarda sözleriň dürli wariantlarynyň ulanylmagyna ýol berýär. Meselem: “dialekt – şiwe”.

Edebi diliň sözlük düzümi bütin ýüzýyllyklar dowamynda ösüp, täzelenip, baýlaşyp durýar. Öň edebi dilde ulanylmaýan ýa-da seýrek ulanylýan sözler belli-belli döwürlerde has ýorgünli bolup başlaýarlar, birtopar sözler bolsa täze sözler bilen çalşyrylýarlar. Mysal üçin, “disk” sözi öň edebi dilde terjime edilmän, şol durşuna ulanylýan bolsa, indi ol “aýlampaç” sözüniň üsti bilen çalşyrylyp berilýär. “Kosmos” sözi öň edebi dilde iň bir ýörgünli söz bolan bolsa, indi oňa derek “arş” sözi ulanylyp başlandy. “Däliz, zemmer” sözleri öň dialektizm hökmünde görlen bolsa, indi olar edebi dile bütinleý giripdir diýip aýtmak boljak: “Dälize çykdym-da ol ýigit barada soradym” (“Edebiýat we sungat” 29.05.98). “Nosilka – zemmer” (URTS, I, 689 sah.).

Türkmen diliniň leksikasy şeýle baý bolup, ol deňziň, ummanyň düýbündäki dür dänejikleriniň, olaryň dürli görnüşleriniň atlaryny özünde saklap gelipdir: “dür, zümerret, almaz, hakyk, pöwrize, maşat, göwher, ýakut, lagl, sadap, merjen…”.

Edebi dil bilen çeper edebiýatyň dilini birmeňzeş hasaplamak bolmaz. Çeper edebiýatyň dili edebi dile garanda has giňdir. Edebi dil çeper edebiyatyň diliniň esasy bolup hyzmat edýär.

Diliň leksikasyny öwrenmäge dürli tarapdan çemeşilýär. Sözleriň many tarapy (birmanylylyk, köpmanylylyk, omonim, sinonim we başgalar), olaryň özara baglanyşygy we ösüşi derňelýär. Taryhy tarapdan sözleriň gelip çykyşy, formirlenişi, sözlük düzüminiň ösüşi yzarlanylýar.

Sözleriň ulanylyş aýratynlyklary aktiw – passiwlik, umumyhalky – umumyhalky däl, stilistik öwüşginli – bitarap we ş.m., şeýle hem, leksikografiỳa, frazeologiýa ýaly bölümler hem leksikada öwrenilyär. Leksikologiýa öz öňünde goýyan maksadyna garap iki topara bölünýär.





Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет