2.2.SÖZLERIŇ MANY AÝRATYNLYKLARY TAÝDAN TOPARLARA BÖLÜNIŞI
Meýilnama:
1. Semasiologiýa hakynda düşünje.
2. Sözüň leksik we grammatik manylary.
3. Sözüň nominatiw hyzmaty
Daýanç düşünjesi: sözleriň aňladýan manylary hakynda düşünje, sözüň nominatiw hyzmaty, söz toparlary, sözüň leksik we grammatik manylary hakynda maglumat. Türkmen diliniň sözleriň many aýratynlyklary taýdan toparlara bölünişi barasyndaky temada N.Nartyýewiň «Häzirki zaman türkmen dili (leksika)» (Aşgabat, 2010) atly okuw kitabynda oňat maglumatlar getirilipdir. Şonuň üҫin biz bu tema hakynda gürrüň edenimizde N.Nartyýewiň ady agzalan barlagyna ýüzlenmekҫidiris.
Söz. Söz diliň esasy gysga birligi bolup, özüniň ses düzümi bilen haýsydyr bir predmet, proses, hadysa dogrusynda, olaryň häsiýetleri hem özara gatnaşyklary barasynda düşünjäni aňladýar. Sözde dürli alamatlar sepleşýär: fonetik, leksik, semantik, garmmatiki. Sözleriň many aňladyşy hem dürli-dürli bolýar. Sözleriň hemmesi diýen ýaly sözleýşiñ belli bir agzasy hökmünde ulanylýarlar. Ýöne dilde birnäçe sözleriň gerekmejek ýerine getirilýän halatlary hem, olaryň telim gezek gaýtalanyp ulanylýan pursatlary hem bolýar. Mysal üçin, “ýaňky”, “diýmek”, “şunuň özi” ýaly sözleri we söz düzümlerini telim gezek ýanjap ulanýarlar. Hakykatda, şol gaýtalanýan sözleri bütinleý taşlap ulananymyzda hem, sözlemiň manysy üýtgemeýär. Bu ýagdaý köplenç sözleýän adamyň dilinde goýberýän kemçiligi bolup, sözleýiş diliniň medeniýetiniň pese gaçỳandygyny bildirýär. Bulara dil biliminde mugthor sözler diýilýär. Pikir aňladylyşy sagdynlaşdyrmak üçin mugthor sözleri köki-damary bilen goparyp, sözlemiň içnden çykaryp taşlamak gerek. Şunda sözlemiň ýüki ỳeňlär, piker aňlatmak sagdynlaşar, sözlemleriň many aňladyjylyk ukyby artar. Ýöne stilistik maksatlar üçin ýazyjylar öz eserlerinde mugthor sözleri hem getirip ulanyp bilerler.