Sözüñ frazeologik taýdan baglanyşykly manysy. Sözüň manysy diňe frazeologik birligiň düzüminde belli bolýar. Ondan daşarda ýekelikde alnanda, onuň manysyna düşünip bolmaýar ýa-da garaşylýan manyny ýüze çykarmaýar: “Öz-ä çatylgyja süňk” (“Türkmen gündogary”, 18.08.94). “Ana, şonuň üçinem bary bilen bazar eýleýän kör oňňutlyga gol bermän, desbi dähel ähli eli galam tutanymyz gözlege girişmeli” (şol ýerde).
Şu mysallarda bellenen söz düzümleri “çatylgyja süňk” (hor), “bary bilen bazar eýeleýän” (kanagatly), “kör oňňutlyk” (garyplyk), “gol bermezlik” (tabyn bolmazlyk), “eli galam tutanymyz” (sowatlymyz) tutuşlygyna bir many aňladýarlar. Olaryň düzüminde gelýän sözleriň leksik manysy beýleki sözler bilen baglanyşyklydyr.
Достарыңызбен бөлісу: |