Söz manysynyň giňelmegi. Taryhy ösüş prosesinde sözüň many möçberiniň ulalmagyna sözüñ manysynyň giňelmgi diýilýär.
Sözüň manysynyň giňelmegi, köplenç, predmetleriň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň birliginden gelip çykýar. Iki predmetiň ýerine ýetirýän hyzmaty meňzeş bolsa, birinjiniň ady ikinjä geçýär. Mysal üçin, “atmak” sözi başda “ýaý atmak” manysynda ulanylan bolsa, soň ol “tüpeň atmagy” hem aňladypdyr. “Syỳa” sözi aslynda hat ýazmak üçin ualnylýan gara reňkdäki suwuklygy aňladýan bolsa, ol indi dürli reňkdäki (gyzyl, ýaşyl, gök) hat ýazmak üçin ulanylýan suwuklygy bildirỳär.
Söz manysynyň giňelmegi dilde örän giň ýaýran hadysa bolup, jemgyýetiň, ylmyň, medeniyetiň, önümçiligiň we tehnikanyň ösmegi netijesinde ýüze çykýar. Diliň sözlük düzümi durmuşdaky ähli özgerişleri bada-bat kabul edýär, olara özüçe at berýär. Ýöne jemgyýetde, tebigatda, ylymda we medeniýetde ýüze çykýan ähli täzelikleri görkezmek üçin täze sözler döretmeklik dil üçin ýeňil däl. Şoňa görä dil söz manysynyň giňelmegi arkaly zerur düşünjeleri aňlatmaly bolýar. Bu ỳagdaỳ dilde sözleri tygşytly ulanmaga, olaryň aňladyjylyk ukybynyň artmagyna kömek edýär. Munda öňden bar bolan sözüň ulanylyşyk gerimi giňäp, şol kysymly başga predmetlere hem geçýär83.
Достарыңызбен бөлісу: |