Ўқув қулланма олий ўқув юртлари давлат таълим стандартлари ва намунавий режаларига мувофиқ ҳолда тайёрланган



бет70/119
Дата07.01.2022
өлшемі0,83 Mb.
#19734
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   119
1. Monosemiýa,

2. Polisemiýa.

Monosemiýa (gr.monos – bir + sema – belgi) birmanyly sözleri aňladýar. Birmanyly sözler, köplenç, terminlerden ybarat bolýar. Meselem: “basym, bogun, elipbiý, fonetika, leksika, omonim, sinonim”.

Polisemiýa (gr.poly – köp + sema – belgi) köpmanyly sözleri aňladýar. Köpmanylylyk sözüň asylky manysynyň ösmegi, başga predmetlere geçmegi arkaly ýüze çykýar. Meselem: “gylyç:” 1. ýaragyň bir görnüşi, 2. dokman guraly, 3. injigiň gylyç ýaly ýiti tarapy.

Sözleriň leksik manylarynyň esasy. Sözüň esasy hyzmaty predmetleri, hadysalary, düşünjeleri atlandyrmakdan ybaratdyr. Mysal üçin, “Asman, Zemin, Gün, Aý” ýaly atlar, “ýagşy, ýaman, sary, gyzyl” ýaly sypatlar, “al, gör, git, bar” kimin işlikler we beýleki söz toparlaryna degişli sözler şu maksat üçin peýdalanylýar.

Sözüň manysy dürli-dürli bolýar. Birnäçe sözler anyk bir zady atlandyryp gelseler, başga birtopar sözler abstrakt düşünjeleri aňlatmaga hyzmat edýärler. Mysal üçin, “adam, haýwan, guş” ýaly sözler janly zatlary görkezip gelýär. Olary görmek hem eliň bilen tutmak mümkin. Emma “gynanç, begenç, şatlyk, gaýgy, hasrat” ýaly abstrakt sözleri görüp hem bolmaýar, eliň bilen tutup hem bolmaýar.

Birnäçe sözleriň aňladýan düşünjelerini, predmetlerini görüp bolmasa-da, eşitmek, duýmak, syzmak, göz öňüne getirmek arkaly bilmek bolýar. Mysal üçin, “şark-şurk, gürp-tarp” ýaly sözleri eşitmek arkaly, “ýalp-ýalp, ýylt-ýylt” ýaly sözleri görmek arkaly kabuledäris. Işlikler hereket aňladyp gelýärler. Hereket diýlende, göze görünýän (ylgamak, ýöremek), göze görünmeýän (uklamak, pikirlenmek) fiziologik hadysalar göz öňunde tutulýar.

Ümlükler özboluşly häsiýete eýe bolup, olar emosional duýgy (begenç, gynanç…) aňlatmak üçin hyzmat edýärler. Olarda predmetlik düşünje bolmansoň, ümlükler leksika bölüminde däl-de, köpräk grammatika bölüminde seredilip geçilýär. Baglaýjylar, sözsoňular, ownuk bölekler hem şeýledir. Şunlukda, leksikologiýa ähli sözler bilen däl-de, has köpräk özbaşdak manysy bolan sözler bilen iş salyşýar.

Özbaşdak manyly sözler diýlende hem, her bir predmetiň öz ady bardyr diýip düşünmeli däl. Dil bir sözüñ üsti bilen diňe bir predmeti däl-de, şol kysymly predmetleriň ählisini atlandyrýar. Başgaça aýtsak, sözüň umumylaşdyryjy manysy bar. Sözüň esasy nominatiw manysy predmetleri atlandyrmak bolany üçin, muňa dil dürli nukdaýnazardan çemeleşýär. Esasy zat bir predmetiň beýleki predmetden haýsy alamaty boýunça tapawutlanýanlyyny görmekden ybaratdyr80.



Достарыңызбен бөлісу:
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   119




©emirsaba.org 2024
әкімшілігінің қараңыз

    Басты бет