1. Etimologik omonimler.
2. Semantik omonimler.
3. Ýasama omonimler.
Etimologik omonimlere “burç I” we “burç II” degişli bolup, birinjisi – tamyň burçuny, ikinjisi bolsa iýilýän burça aýdylýar. Şunuň soňkusy sanskrit sözünden bolup, gadymy türki ýazuw ýadygärliklerinde “myrç, murç” şekilinde ulanylypdyr. Soň “m” sesi “b” sesi bilen çalşyp “burç” görnüşine gelipdir we “tamyň burçy” diýlendäki “burç” sözi bilen birmeňzeş aýdylyp başlapdyr.4 Ders I “(sapak) – ders II (dökün); myltyk I (tüpeň) – myltyk II (ýumşak, tagamsyz)”.
Semantik omonimler konwersiýa (sözleriň grammatiki manysynyň üýtgemegi) netijesinde we sözleriň köpmanylylygynyň dargamagy arkaly emele gelýärler: “göç I – göç II, goşa I – goşa II, bogaz I – bogaz II, keleme I (on iki sagatlyk suw nobaty) – keleme II (söz, gürrüň): öleň I (çemenlik ýer) – öleň II (gyz çykarylanda aýdylýan goşgy)”.
Ýasama omonimler söz ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen emele gelýärler: “ýaraş+yk I-ýaraş+yk II”.
Leksika-semantik taýdan omonimleri iki topara bölüp görkezmek boljak.
Достарыңызбен бөлісу: |