1. Doly omonimler.
2. Doly däl omonimler.
Bir söz toparyna degişli bolup, esasy grammatiki formalary meňzeş bolan omonimlere doly omonimler diýilýär: “çiş I – çiş II”, “ýelken I (köwşüň bir görnüşi) – ýelken II (gäminiň bir görnüşi)”, “agaç I (daragt) – agaç II (uzynlyk ölçegi)”, “arka I (ýeňse tarap) – arka II (nesil dolanyşygy)”. Dürli söz toparlaryna degişli bolan omonimlere doly däl omonimler diýilýär: “oý I – oý II, aýry I – aýry II, ala I – ala II, sary I – sary II87”.
Omonim we polisemiýa. Omonim we polisemiýa sözüň semantik strukturasynyň esasy meselesidir. Olary aýdyňlaşdyrmak, konkretleşdirmek, olaryň biri–birinden tapawudyny ýüze çykarmak uly praktiki ähmiýetli meseledir. Polisemiýa we omonim bir söz toparyndan bolanda, olaryň haýsysynyň polisemýadygyny, haýsysynyň omonimdigini tapawutlandyrmak örän kyn.
Gomogen omonimler polisemiýadan emele gelen omonimlerdir. Omonimlerde jedelli meseleleriň biri–de polisemiýanyň käbir manylarynyň özara many baglanyşygynyň ýitmegi bilen emele gelen omonimlerdir. Goşa– sinonimi iki, jübüt: Goşa– sinonimi ýarag, tüpeň.
Достарыңызбен бөлісу: |