1. Umumyhalky leksika. Ähli adamlar tarapyndan birmeňzeş düşünilýän we ulanylýan sözler umumyhalky leksika girýärler. Umumyhalky leksika girýän sözler söz toparlarynyň hemmesinde hem bolýar.
Atlardan: täzelik, agaç, mal, el, aýak
Sypatlardan: täze, köne, ak, gara, ajy, belent
Sanlardan: bir, iki, üç, ýüz, iki ýüz, elli
Çalyşmalardan: kim, näme, men, sen, ol
Hallardan: çalt, haýal, tiz, düýn
Işliklerden: gelmek, gitmek, oturmak, ýazmak
Kömekçilerden: bilen, üçin, ýa, ýa-da
Ümlüklerden: wah, owh, wäk, waý
Gödek leksika degişli bolan «nejis, deýýus, symyşlamak» ýaly sözler hem umumyhalky leksika girýärler. Emma bu sözler edebi diliň leksikasyna girmeýärler.
Достарыңызбен бөлісу: |